Magtymgulynyň şygryýet dünýäsiSlider

Magtymgulynyň goşgulary Dante Aligýeriniň dilinde

29-12-2024 / 95

27-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Italiýanyň okyjylaryna we alymlaryna türkmen halkynyň baý medeniýetini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge ýardam eder. 

Mälim bolşy ýaly, dost-doganlyk gatnaşyklaryň netijesinde Ýewropa ýurtlary hem Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar. Şoňa görä-de, 2024-nji ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dana şahyryň döredijiligine bagyşlanyp baýramçylyk çäreleri, sergiler, döredijilik duşuşyklary, brifingler guraldy. Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan diline terjime edilmegi hem bu babatda alnyp barlan işleriň aýdyň beýanydyr.

Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabatda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy hem-de akyldar şahyrymyzyň ägirt uly heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Toplumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. Olaryň arasynda italýan halkynyň meşhur filosofy, akyldary we şahyry Dante Aligýeriniň heýkeli hem bar. Magtymguly Pyragynynyň hem-de Dante Aligýeriniň döredijiligi diňe bir Türkmenistanda we Italiýada däl, eýsem, bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler şahyryň italýan dilindäki ajaýyp goşgy setirlerini okamak bilen, dogduk mekanynyň hakyky watançysynyň tutuş döredijiliginden özygtyýarly döwlet gurmak baradaky çagyryşlaryň eriş-argaç bolup geçýändigini, onuň şygyrlarynyň türkmen halkynyň erkinliginiň, jebisliginiň senasyna öwrülendigini bellediler. Söz ussadynyň 130 sany goşgusyny öz içine alan ýygyndynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň maslahat beriş ýardamy bilen Italiýanyň gündogary öwreniji alymlary tarapyndan italýan diline terjime edilendigi nygtaldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmeginiň dünýä jemgyýetçiligini şahyryň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmaga, onuň gaýtalanmajak ussatlygynyň örän çuňdugyna akyl ýetirmäge, umumylykda bolsa halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Bu ýörelgeler tutuş dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ilerletmegiň möhüm şertidir.

Aýlar ANNAREJEPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu