SliderSport

Taýboks ― gadymy söweş sungaty

04-11-2024 / 185

Tailand döwletiniň söweş sungaty bolup, oňa başgaça Muaý taý diýlip hem at berilýär. Muaý sözi «başa-baş erkin söweş» diýilýän manyny aňladýar. Boksuň bu görnüşi taýlylaryň Muaý Boran atly gadymy söweş sungatyndan gözbaş alyp gaýdýar.

Bu söweş sungaty ýaragsyz söweşmegiň bir görnüşi bolup, onuň taryhy birnäçe müňýyllyklara ulaşyp gidýär. Muaý Boranyň beýleki hindi-hytaý döwletleri bolan Kambodžanyň pradal sereý, Malaýziýanyň tomoý, Mýanmanyň lehweý, Laosyň muaý lao ýaly söweş sungatlary bilen kybapdaş gelýändigini hem bellemek gerek.

Taýboks söweş sungaty pursatynda hereketleriň sazlaşygyny we deňagramlylygyňy saklap bilmeklik esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle hem urgulary güýç we çaltlyk bilen ýerine ýetirmekden başga-da, olaryň birnäçesini utgaşdyrmak hem möhümdir.

Aýdym-saz sungatynyň käbir ugurlaryny özüne bikdirýän Muaý taý häzirki wagtda öz watanynda-da, tutuş dünýäde-de uly meşhurlyga eýedir. Tailandyň çagalary, köplenç halatda, Muaý taý bilen ir meşgullanyp başlaýarlar, olar eýýäm bäş ýaşynda ýaryş meýdançasyna çykýarlar.

Taýboksy ýüregiň işleýşini sazlaşdyrmakdan başga-da, bil bilen döş kapasasyny hem-de eldir aýaklaryň myşsalaryny berkidýär. Şeýle hem sportuň bu ugry boýunça yzygiderli geçirilýän çylşyrymly türgenleşikler göwräniň dürli agyrylara çydamlylygyny artdyrýar. Bu bolsa, türgenleriň erkini, häsiýetini taplamakda, durnuklylygyny ýokarlandyrmakda we özlerine ynamly, gaýratly, edermen adamlar bolup ýetişmeklerinde ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.

Dünýäniň söweş sungatlarynyň içinde iň kämil görnüşleriniň biri hasaplanýan taýboks bilen meşgullanýan türkmenistanly türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri-de guwandyryjydyr. Olar dünýä çempionatlaryna, iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeleýärler.

Dörtdurdy MEREDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu