Siziň üçin...Slider

Kim matematika mugallymy bolup biler?!

03-11-2024 / 157

«Kim matematika mugallymy bolup biler, oňa haýsy häsiýetler mahsus bolmaly?» diýen soraglara nähili jogap berip bolar? Ajaýyp ylymlaryň biri bolan matematikany okatmak üçin dersi çuňňur bilmek zerurdyr, ýöne ol ýeterlik däldir.

Ilki bilen, öz käriňe söýgi bolmaly, bilim berşiňden lezzet almaly, okuwçylara hormat bilen garamaly. Özüňe bolan talabyň ýokary, adalatly, çydamly, parasatly bolmaly. Bu häsiýetler, umuman, hemme mugallymlara-da mahsus bolmalydyr. Mugallym diňe okatmak bilen çäklenmän, eýsem, özi hem bu işe okuwçylary bilen deň derejede işeňňir gatnaşmalydyr. Meselem, mugallym mysallaryň jogabyny öňünden taýýarlap gelmän, olary okuwçylary bilen bilelikde gözlese, onuň abraýy artar. Hakyky matematika mugallymy diňe öňden belli bolan, öwrenilen düzgünleri we formulalary getirmek bilen çäklenmän, amal edilýän işleri doly seljerip hem-de düşündirip bilýän hünärmen bolmalydyr.

Matematika sapaklarynda mugallymlaryň okatmagyň täzeçe, innowasion usullaryny ulanmagyna giň ýol açyldy. Okatmakda, öwretmekde oňaýly we netijeli usullar ulanylyp başlandy. Matematikany okatmakda meseleleri çözmäge uly orun degişlidir. Şunda, esasan, okuwçylaryň mesele çözmek başarnygyna görä baha berilýär. Meseleleri çözmek terbiýeleýji ähmiýete eýe bolmak bilen, okuwçylaryň akyl taýdan ösmegine, olaryň sözleýiş diliniň kämil bolmagyna, ünsüniň, hyýalynyň ösmegine uly täsir edýär. Okuwçylaryň matematiki adalgalar bilen tanyşdyrylmagy sözleýiş dilini baýlaşdyrmak, matematiki düşünjelerini takyklamak we durmuşda ýygy-ýygydan duş gelýän dürli hasaplamalary geçirmek başarnyklaryny edinmegine uly ýardam berýär. Mesele çözmek işleri okuwçylaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda alnyp barlyp, her synpda geçilýän temalaryň esasynda ýola goýulýar.

Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.

Ýurdumyzda ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okadýan bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Biziň bilim ojagymyzda hem okuwçylaryň matematika bolan höwesini has-da artdyrmakda, kämilleşdirmekde okatmagyň netijeli iş usullaryndan ýerlikli peýdalanylýar.

Gülkamar JUMAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu