
Ykdysady gurallaryň arasynda milli pul birligine aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manat 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilipdi. Şeýlelikde, Garaşsyz ýurdumyz sözüň doly manysynda ykdysady garaşsyzlygyny hem gazandy.
Manat ykdysady ösüşe has güýçli täsir edýän ykjam guraldyr. Şoňa görä-de, manadyň dolanyşygyny ýurtda hereket edýän kada-kanunçylyga laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak hemişe üns merkezinde durýar. Aýratyn-da, manadyň hümmetiniň, satyn alyp bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda degişli ugurda wajyp ähmiýetli işleriň amala aşyrylyp, 2008-nji ýylda milli puluň daşary ýurt puluna ýeke-täk hümmetine geçilmegi, 2009-njy ýylda manadyň denominasiýasynyň, 2015-nji ýylda onuň dewalwasiýasynyň geçirilmegi milli puluň ykdysady ösüşdäki ornuny has ýokarlandyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Ýurduň eksport kuwwatynyň yzygiderli artmagy jemi içerki önümiň ýokary depginde ösmegine itergi berýär. Şunda goşulan gymmaty emele getirýän harytlaryň we hyzmatlaryň paýynyň köpelmegi eksportyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyryp, daşary ýurt pul girdejileriniň möçberini köpeldýär. Şeýlelikde, milli puluň ykdysady ösüşdäki orny we ähmiýeti has-da artýar. Harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň, tehnologiýalaryň, işçi güýjüniň halkara hereketi barha çaltlaşýar.
Ýurdumyzda ilatyň durmuş goraglylygyna möhüm üns berilýär. Munuň şeýledigini her ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň, talyp we diňleýjilere tölenilýän tölegleriň 10 göterim ýokarlanmagyndan hem görmek bolýar. Şeýlelikde, bazar ykdysadyýetine geçilýän häzirki döwürde puluň höweslendiriji häsiýeti has-da artýar we önümçilik düşewüntli dolandyrylýar.
Ogulmerjen JUMAGELDIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.