Siziň üçin...Slider

Şükranalygyň miwesi

30-10-2024 / 6

Bir danadan şükranalyk barada soralanda ol:

«Gözüň şüküri, ýagşy zady görseň ony ýaýyp, ýaman zady bolsa örtmekdir.

Gulagyň şüküri, ýagşy gepi eşitseň ýat bekläp, ýaman zady unutmakdyr. Eliň şüküri, haky bolmadyk zady almazlyk we olardaky Hudaýyň hakyny köýdürmezlikdir.

Garnyň şüküri, başy — bilip iýmek, soňy — sabyr etmekdir…

Eger şu zatlary doly ýerine ýetirseň, onda sen hakyky şükürli we dogruçyl adamsyň. Emma dili bilen şükür edip, süňňi bilen bitirmeýän adam, hojasynyň beren donuna ýeňini sokup, emma ony geýip bilmän ýören bendesi ýalydyr» diýip jogap beripdir.

Pygamberlerimiz nygmata şükür etmegiň hökmanydygyny nygtapdyrlar. Olar: «Eger-de kimdir birine nygmat eçilse, ol hem muny ile äşgär etmän, ýürekden şükür etmegi niýet eden bolsa hem, ol artykmaç nygmata mynasypdyr. Esasy zat nygmata şükür etmekdir. Hudaýyň bagyş eden nygmatlaryna şükür ediň. Şükür edilse nygmatyň zowaly (soňy) bolmaz, eger-de gadyry bilinmese, dowamy bolmaz» diýipdirler.

Käbir hekimlerden «Çuňňur ylym» hakynda soralanda, olar: «Bela-beterlere sabyr etmek, nygmat-peşgeşlere şükür etmek» diýip jogap beripdirler.

Wepa ORAZMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu