Ýer ýüzünde her bir adam diýen ýaly bananyň, apelsiniň, ananasyň we mandariniň tagamyny bilýär we ol miweleri gowy tanaýar. Şeýle-de bolsa, dünýäde diňe bir iýip görmedik miwelerimiz däl-de, eşidip görmedik miwelerimiz hem köp sanlydyr. Dünýäniň iň täsin miweleri bolan durian, hala, jekfrut, jabotikaba, aki, kiwano, çerimoýa, karambola ýaly miweleriň görnüşleri bilen tanşalyň!
Aki
Aki miwesi Ýamaýkanyň meşhur miwelerinden biri hasaplanýar. Biziň üçin düýbünden tanyş bolmadyk bu täsin miwe aýratyn çemeleşmäni talap edýär, sebäbi onuň bişmedik we täze üzülen ýagdaýynda ulanylmagy diňe saglyga däl, eýsem, adam ömrüne ýaramaz täsirini ýetirip bilýär.
Jabotikaba ýabany we medeni görnüşlerde duş gelýändir. Häzirki wagtda Jabotika Günorta Braziliýada, Demirgazyk Argentinada, Paragwaýda we Boliwiýada ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, bu täsin agaç Kolumbiýada, Urugwaýda, Kuba we Panamada-da duş gelýändir. Jabotikaba agajynyň miweleri tegelek ýa-da elliptik damja görnüşinde bolýar. Miweleriň reňki diýseň owadan öwüşgin berýän gyzylymtyl mämişi reňkde bolýar. Olar belli bir görnüşde üzüme çalym edýär. Miwäniň içki bölegi ak ýa-da gülgüne reňkde bolup, etlek şireli bolýar. Jababotikaba edil üzüm ýaly miwelerini owadan salkymlarynda saklaýar. Jabotikaba miweleri ýokumly maddalara baý hasaplanýar. Gara reňkli süýji tagama eýe bolan jabotikaba miwelerinden şireleri, çakyrlary, şeýle-de gara hem-de goýy gyzyl boýag reňkleri almakda giňden peýdalanylýar.
Jekfrut
Ajaýyp görnüşe eýe bolan agaja başgaça «hindi çörek miwe agajy» hem diýilýär. Sebäbi bu agaç çörek agajynyň ýakyn kowumdaşy hasaplanýar. Bu miwe Bangladeşiň meşhur miwesi adyna eýe bolan miwe hökmünde tanalýar. Onuň miweleri örän uludyr. Uzynlygy 90 santimetre, agramy bolsa 34 kilograma çenli bolup bilýär. Şonuň üçin miweler agaçlarda ösýän iň uly miweleriň biri hasaplanýar.
Kiwano
Afrikada dörän täsin miwe kiwano köp adam tarapyndan meşhur hem-de halanýan miwe. Üýtgeşik görnüşe eýe bolan kiwanony tropiki sebitlerden başga ýerlerde ösdürip ýetişdirmeklik kyndyr. Kiwano miwesiniň daşky gabygy hyýara meňzeş düwürtikler bilen örtülen bolup, ýumutga şekilinde bolýar. Miwäniň içki bölegi açyk ýaşyl reňkdäki çigitlerden durýandyr.
Durian
Hemmämiz üçin tanyş bolmadyk bu miwe gaty täsindir.Tropiki miwe hasaplanýan durian miwesiniň daşky keşbi syrly we üýtgeşikdir. Miwäniň ady tikenli diýmegi aňladypdyr. Durian miwesini synan adamlar ony hiç zat bilen deňeşdirip bolmajakdygyny aýdýarlar, şeýle-de onuň ajaýyp süýji miwäniň, ýatdan çykmajak tagamynyň bardygyny aýdýarlar.
Hala
Hala miwesi Gündogar tropiki sebitleriň (Okeaniýanyň) ýerli miwesi hasaplanýar. Hala Pandanaceae maşgalasyna degişli täsin agaçlaryň biridir. Pandan agaçlarynyň miwelerini bişmedik wagty hem iýse bolýandyr. Açyk sary reňkli şar şekilli miweleri terligine iýilýär. Şeýle-de onuň miwelerinden mürepbeleri, şireleri taýýarlamakda giňden peýdalanýarlar. Ýaglara beloklardyr, witaminlere baý bolan hala miwesinden dürli görnüşli içgiler hem taýýarlanylýar.
Çerimoýa
Çerimoýa (lat. Annona cherimola) Kolumbiýa, Ekwador, Peru, Boliwiýa, Ant daglarynyň eteklerinde duş gelýär. Bu miwe Peruda gadymdan bäri ösüp gelýän miwe hasaplanýar. Bu miwäniň ady «sowuk tohumlar» diýmegi aňladypdyr. Çerimoýanyň bişen miweleri örän süýji tagamly bolýar. Bu miweden buzgaýmakdyr şerbetler, şeýle-de dürli içgiler taýýarlap bolýar. Şeýle-de bu miwäni işdäaçar taýýarlamakda hem peýdalanýarlar. Dünýä meşhur bolan ýazyjylaryň biri bolan Mark Twen hem bu miwe barada: «Adamlara mälim bolan iň lezzetli miweler çerimoýadyr» diýip aýdypdyr.
Karambola
Ýyldyz şekilli miweleri bolan karambola Flippinde döräpdir. Häzirki wagtda bu miweli agaç Günorta-Gündogar Aziýada, Günorta Amerikada duş gelýändir. Bu agajyň miweleriniň gabygy bäş sany gerişden durýar, olar uzynlygyna kesilende ýyldyz şekilini emele getirýär. Şonuň üçin bu miwäniň adyna ýyldyz miwe hem diýilýär. Bu agajyň miweleri C witamine we antioksidantlara baý hasaplanýar. Miweler bişenden soň açyk sary reňkli örän şireli bolýar we dykyzja bolýandyr.
Amangeldi TÄÇMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.