Biziň gadymy ata-babalarymyz Merkezi Aziýada ilkinji gezek mundan 7-8 müň ýyl öň Jeýtun atly ilatly merkezde (Aşgabatdan 28 km demirgazyk-günbatarda), ondan soň Änew düzlüginde türkmeniň häzirki ak bugdaýynyň gadymy sortuny we arpany suwarymly ekerançylykda ösdürip ýetişdiripdirler. Bu örän ähmiýetli taryhy maglumaty daşary ýurt alymlary hem ykrar edýärler. Dünýä ýüzünde azyk üçin ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň jemi görnüşi 15-e golaýdyr. Olaryň ýarysyndan köpüsi (bugdaý, şaly, mekgejöwen, jöwen, dary, arpa, çowdary, süle, greçiha) däneli ekinlere degişlidir.
Dünýäde ekilýän ähli ekinleriň meýdanynyň 70 göterime ýa-da 700 million gektara golaýy däneli ekinlerdir. Olardan 2 milliard tonna golaý hasyl alynýar. Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmek, hasylyny ýygnamak işleri beýleki ekinler bilen deňeşdirilende tehnologiki hyzmatlary köp talap etmeýär we ähli meýdan işlerini doly mehanizmleşdirmek mümkin. Şeýle-de dänesini ýygnamak, daşamak, uzak wagtlap ätiýaçlyk görnüşinde saklamak mümkinçiliginiň hem ýokary bolmagy we çylşyrymly işleri talap etmeýänligi däneli ekinleriň artykmaç tarapydyr. Dänede adamlar we mallar üçin zerur bolan ýokumly iýmit maddalarynyň hemmesi bar. Onuň düzüminde beloklar we uglewodlar (gant, krahmal) iýmit üçin iň gowy gatnaşykda (1:5-6), ýagny beloklaryň agramyna 5-6 esse artyk mukdarda gantlar, krahmal we kletçatka saklanýar. Däneden taýýarlanan azyk önümleri adamyň gündelik talap edýän energiýasynyň 40-67 göterimini üpjün edip bilýär.
Däne we onuň önümi un-çörek, azyk, süýji-köke, konditer kärhanalarynyň, senagatyň beýleki pudaklarynyň iň möhüm çig malydyr. Häzirki döwürde we geljekde hem oba hojalygynyň esasy wezipesi – dänäniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmakdan, her bir gektar meýdanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Döwlet SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energo-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.