19-njy martda Aşgabatda «Хрустальная лилия» bäsleşiginiň jemi jemlenýär. Bu bäsleşik ilkinji gezek 2000-nji ýylda geçirildi we “Janin” toý salony birinji orny eýeläpdi.
Bäsleşik 24 naminasiýa boýunça geçirilýär. Olaryň arasynda iň gowy toý salony, iň ökde suratçy, iň gowy alypbaryjy, iň oňat ýalyk dükany we başga-da köp sanly naminasiýalar bar.
Bäsleşik 2 tapgyrda geçirilip, ýeňijiler eminler tarapyndan, şeýle-de ses berlişikler arkaly kesgitlenýär. Bäsleşigiň käbir ýeňijileri belli boldy. Bu gün saýtymyzda olaryň arasynda iň oňat ýaglyk dükany bolan Maýa Vip Öýmeleri barada gürrüň etmegi makul bildik.
Maýa Vip Öýmeleri eýýäm birnäçe ýyldan bäri özüniň ajaýyp ýaglyklary bilen halka hyzmat edip gelýär.
Ol ýerde ýaglyklaryň dürli görnüşlerini islegiňe görä saýlap bolýar. Elde çekilen öýmeleri has göze gelimli görünýär.
Dükänyň başynda ýaş bolmagyna garamazdan, öýmeler, ýaglyklar hakynda giň düşünjesi bolan Maýa öz işgärleri bilen agzybirlikde zähmet çekýär. Şäheriň merkezinde ýerleşýän dükanlary bu günki gün halkyň, hususan-da gelinleriň söýgüli ýerine öwrüldi.