LifehackSlider

Miweleriň üstündäki ýelmentgiler näme üçin goýulýar?

29-10-2024 / 151

Miwe satyn alýan wagtyňyz onuň üstündäki kiçijik ýelmentgileri hemmäňiz gören bolsaňyz gerek. Elbetde, önüm öndüriji kompaniýanyň ady öndüriji zawod üçin gowy mahabat bolup durýar, emma ol kiçijek ýelmentgilerdäki sifrler bize nämäni habar berýärka? Geliň, ol ýelmentgilerdäki sanlaryň nämäni aňladýandygy barada aýdyp geçeliň.

Eger sanlaryň mukdary 4 sifrden ybarat bolup, 3-lik ýa-da 4-lik bilen başlaýan bolsa: Bu sifrleriň toplumy miweleriň iň tiz ösýän serişdeler we usullar arkaly, ýagny dökünleriň we pestisidleriň kömegi arkaly ösdürilip ýetişdirilendigini aňladýar.

5 sifrden ybarat bolup, 9-lyk bilen başlaýanlar: bu iň gowy önüm bolup, adaty, ýönekeý serişdeler hem-de usullar arkaly ösdürilip ýetişdirilen hasaplanýar. Bular ýaly miwelere hiç-hili adaty bolmadyk dökünler ulanylman, tebigy şertlerde ösdürilip ýetişdirilendigini aňladýar.

5 sifrden ybarat bolan, emma 8-lik bilen başlaýanlar: bu miweler GMO (genetiki taýdan modifisirlenen) toparyna degişli. Bulara mysal edip, daşary ýurtdan gelýän gawunlary, bananlary hem-de papaýany görkezip bileris.

Mälikberdi ORAZMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu