Her bir zadyň gelip çykyş taryhynyň bolşy ýaly, ýazuw serişdesi bolan galamyň hem özboluşly gelip çykyşy bar. XIII asyrdan başlap suratkeşler, nakgaşçylar öz eserlerini ýerine ýetirmek üçin inçe kümüş reňkli simleri ulanypdyrlar.
Şeýle özboluşly gural «kümüş galam» diýip atlandyrylypdyr. Ýöne ony pozup bolmaýandygy sebäpli ol ýokary ussatlygy talap edipdir. Soňlugy bilen «gurşun galamlary» ýüze çykyp başlapdyr. Şeýle-de XV asyrda italýan galamlary peýda bolupdyr. Soňra süňk külkesinden reňk berlip taýýarlanan galamlar, şeýle hem kömür galamlary ýüze çykypdyr.
Häzirki grafitli galamlar XVII asyrdan bäri belli bolupdyr. Ilkinji grafitli galamlar örän ýönekeýje, ýagny agaç baldaklarynyň arasyna grafit gysdyrylyp daňylan görnüşde bolupdyr. Soňra häzirki adaty grafitli galama çalymdaş galam peýda bolup, ol hakyndaky ilkinji resmi ýazgylar 1683-nji ýylda ýazylyp beýan edilipdir. Germaniýada grafit galamlaryny öndürmek 1719-njy ýylda Nýurnberg sebitinde başlandy. Nemesler grafiti kükürt we ýelim bilen garyşdyryp, gowy hilli galamy taýýarlapdyrlar. 1758-nji ýylda germaniýaly agaç ussasy Kaspar Faber köp mukdarda grafit galamlaryny öndürip başlapdyr. 1789-njy ýylda alym Karl Wilgelm Şeýele grafitiň ugleroddan alnandygyny subut etdi.
Grafit XVIII asyrda strategiki maksatlar üçin köp ulanylyp başlapdyr. 1790-njy ýylda wenaly senetçi Jozef Hardmut grafit tozanyny palçyk we suw bilen garyşdyryp, alnan garyndyny gyzdyryp, gaty materialy aldy. Şol ýylda ol «Koh-i-Noor» atly (Kohinur – pars sözi bolup, «dagyň ýagtysy» diýmek) galam önümçiligini esaslandyrypdyr. XIX asyrdan başlap bu tehnologiýa Ýewropa ýurtlarynda giňden ulanyldy. Bu bolsa meşhur galam zawodlarynyň döremegine getirdi. Döwülmezden ozal galamyň ujy ortaça 255 atmosfera basyşyna we 264 kg güýje garşy durmaga ukyply bolýar. Uzynlygy 17,5 sm bolan adaty galam bilen, takmynan, 45 müň sözi ýazyp bolýandygy subut edilendir.
Häzirki wagtda dünýä boýunça her ýyl 14 mlrd gowrak galamyň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu mukdar planetamyzy 62 gezek aýlanmaga ýetýär. Çünki galamyň dürli görnüşleri biziň okuw, iş, gündelik durmuşymyzda köp ulanylýan serişdeleriň biridir.
Agamerdan ORAZDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.