Guşlar hem aýratyn klasa degişli bolup, olaryň arasynda gürleýän görnüşleri duş gelýär. Ilkinji «Žako» diýlip atlandyrylýan gürleýän guşlar IX asyryň 70-nji ýyllarynda Germaniýanyň Ştytgrad şäherinde bellige alyndy. Žako guşlary 100 söz aýtmagy we hatda sözlem düzmegi, gaharlanan wagty eýesine öýkünip, şadyýan wagty aýdym hem aýtmagy başarypdyrlar. Ol guşlaryň sesi edil adamyňka meňzeş bolupdyr.
Gadymy Rimde gürleýan guşlara gullaryň bahasyndan gymmat baha kesipdirler. Şol sebäpli hem diňe bir guş görnüşde däl, eýsem, olary maglumat gatnadyjy hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Ylmyň ösmegi bilen, alymlar adam bilen guşlaryň ses ulgamynyň gurluşyny, işleýşini öwrenýärler we birmeňzeşligine göz ýetirýärler. Guşlaryň bogazy edil süýdemdirijileriňki ýaly iki bölege, ýagny ýokarky we aşaky bölege bölünýär. Esasy çykýan ses hem aşaky bogaz bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda Žako guşlaryny öýüň bezegi hökmünde saklaýarlar. Olaryň ulusynyň agramy 9 kg, kiçisi bolsa 1,5 kg çenli ýetýär. Olar özleriniň owadan reňkleri bilen özüneçekiji hasaplanýar. Bu guşlaryň ulusynyň bahasy 1000 $, kiçisi bolsa ondan iki esse arzan.
Neýrobiolog Erih Jarwis we lukman Mukta Çakraborti guşlaryň 3 görnüşiniň üstünde barlag geçirýärler. Olaryň birinji topary kolibri, ikinji topary peçwi we üçünji topary totuguşşekilliler diýip atlandyrylýar. Jorbis 7 sany totuguşyň beýnisini deňeşdirip, olaryň beýnisindaki «aýdym» merkezini iki bölege bölüpdir.Ýokarky bölegini ösen, aşaky bölegini ösüşden galan hasaplapdyr.
Häzirki wagtda gürleýän guşlar yene-de Kalilingradyň haýwanat bagynda hem bar. Gögümtil-sary reňkli Arçi guşy özüniň «Näme boldy?», «Bu näme?» ýaly sözleri bilen hemmäni gyzyklandyrýar. Ýöne şeýle-de bolsa bu guşlar pikirlenip bilmeýärler. Olaryň pikirlenmek ukybynyň ýokdugy alymlar tarapyndan doly kesgitlenildi.
Annamyrat BEGMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.