Sport

Sport we bedenterbiýe — ýaşlaryň endigi

26-10-2024 / 11

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen sportuny ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň esasynda, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini buýsançly nygtamak gerek.

Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr.  BMG-ä agza ýurtlaryň 87-si bu başlangyjy biragyzdan goldady. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Şunuň bilen baglylykda, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde möhüm ähmiýetli Kararnama kabul edilenden soň hem biziň türgenlerimiziň köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeländikleri barada aýdyldy. Mejlise Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşyp,  halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Munuň özi ýurdumyzyň sport syýasatynyň gowy netijeleri berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Milli Liderimiziň: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek üçin ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Eke AŞYROWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu