Siziň üçin...Slider

Fizikasyz durmuş mümkinmi?!

27-10-2024 / 157

Ýaşlarymyzyň her biri aýratyn bir dersi gowy görüp okaýar. Käbir okuwçylar dil derslerini gyzyklanma bilen okasalar, käbirleri tebigy bilimler bolan fizika, himiýa, biologiýa ýaly derslere has içgin çemeleşýärler. Islendik dersi höwes edip okamagyň aňyrsynda şol dersiň durmuşymyzdaky ähmiýetine düşünmek wajyp bolup durýar. Tebigy bilimlerden fizika dersiniň eýeleýän orny has-da ähmiýetlidir. Geliň, onda fizikanyň durmuşymyzdaky şol ähmiýeti barada gysgaça durup geçeliň!

FIZIKASYZ ENERGIÝA

Elektrik togy ýa-da elektroniki enjamlar bolmazdan ýekeje günümizi hem göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Fizika ylmynyň kömegi bilen ynsan ogly gazdan, nebitden, suwdan, ýelden, Gün şöhlesinden, hatda atomdan hem energiýa öndürýär. Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ähli häzirki zaman tehnologiýalaryndan başlap asmandaky uçarlaryň, ýerdäki otlularyň, ýoldaky awtoulaglaryň hereket etmegi üçin energiýa gerek. Şol energiýanyň durmuşymyzda elýeterli edilmegi üçin bolsa fizika gerek.

FIZIKASYZ ARAGATNAŞYK

Fizika ylmynyň iň döwrebap ugry bolan kwantum fizikasy bolmadyk bolsa-dy, şu wagt internet ulgamynyň nämedigini hem bilmezdik. Halaýan internet sahypalaryňyz, mobil jaňlaryňyz, sms habarlaryňyz, onlaýn söwda mümkinçilikleriňiziň hiç biri fizikasyz mümkin bolmazdy. Radio we teleýaýlymlar fizikasyz hiç kimiň ýadyna hem düşmezdi. Elektromagnetizm we kwantum fizikasy bolmazdan döwrümizdäki aragatnaşyk täsinlikleriniň hiç birini peýdalanyp bilmezdik.

FIZIKASYZ ÖLÇEG BIRLIKLERI

Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ölçeg birlikleriniň gelip çykyşy barada oýlandyňyzmy?! Eger heniz gyzyklanmadyk bolsaňyz, ine, sizi haýran galdyryp biljek käbir maglumatlar. Ýer ölçeginde ulanylýan «metr» düşünjesi, aslynda, ýagtylygyň boşlukda 1/299.792.458 sekuntda geçýän ýoludyr. Wagt ölçegindäki «sekunt» düşünjesi bolsa seziý elementiniň atomlarynyň hereketi bilen baglanyşyklydyr. «Kilogram» ölçeg birliginiň gelip çykyşy bolsa diametri we beýikligi 39 mm bolan 90% platini we 10% iridiý elementleriň garylmagyndan emele gelen silindriň agramydyr.

FIZIKASYZ LUKMANÇYLYK

Ynsan saglygy üçin wajyp ähmiýete eýe bolan ähli tehnologik açyşlary fizikasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Indi asyrlarboýy ulanylyp gelinýän rentgen şöhlesi, ultrases barlagy, elektrokardiogramma, tomografiýa enjamlary we beýleki ähli döwrebap lukmançylyk tehnologiýalary bolmazdan keseli kesgitlemek, näsaglary bejermek, olaryň saglygyny dikeltmek juda kyn bolardy. Ýönekeý mikroskoplardan başlap atomlaryň elektronlarynyň hereketini görmäge mümkinçilik döredýän döwrebap mikroskoplar hem fizikanyň önümi bolmak bilen lukmançylygyň kämilleşmegine çäksiz goşant goşýar.

* * *

Fizikasyz durmuş, görşümiz ýaly, asla mümkin däl ekeni. Ýokarda bellenilip geçilen fizika ylmynyň ähmiýetleri ýöne bir deňizden damja. Geljekde ýaşlarymyzyň arasyndan ökde fizikleriň çykyp, adamzat durmuşyna özleriniň has-da önjeýli goşandyny goşmagyny arzuw edýäris!

Taýýarlan: Nuraly EREŞOW,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň fizika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu