2024-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragyna Dewid Beýker, Demis Hassabis we Jon Jamper dagylar mynasyp boldular. 1901-nji ýyldan bäri himiýa boýunça Nobel baýragy 115 gezek berildi. Geçen ýyl himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Mungi Bawendi, Luis Brýus we Alekseý Ýekimow dagylar mynasyp bolupdy.
Biohimik we hasaplaýyş biologiýasy boýunça hünärmen Beýker beloklaryň hasaplaýyş dizaýny üçin, neýrobiologlar Hassabis bilen Jamper bolsa belok gurluşlaryny öňünden kesgitländikleri üçin abraýly baýragyň eýesi diýip yglan edildi. Alym Dewid Beýker mümkin däl ýaly zatda – beloklaryň düýbünden täze görnüşlerini döretmekde açyş etdi. Demis Hassabis we Jon M.Jamper 50 ýyllyk meseläni çözmek: beloklaryň çylşyrymly gurluşlaryny öňünden kesgitlemek üçin emeli aň ulgamyny işläp taýýarladylar.
Ýeri gelende bellesek, geçmişden şu güne çenli jemi 609 sany Nobel baýragy berildi. Şolaryň 58 sanysyna zenanlar eýe bolup, olardan 1903-nji ýylda Mariýa Kýuri Nobel baýragyna mynasyp bolan ilkinji zenandyr. Bu baýraga 2014-nji ýylda mynasyp bolan iň ýaş ýeňiji, Parahatçylyk baýragynyň eýesi Pakistandan 17 ýaşly adam hukuklaryny goraýjy Malala Ýusufzaý boldy. Iň ýaşuly ýeňiji 2019-njy ýylda himiýa baýragyna mynasyp bolan 97 ýaşly amerikan alymy Jon Gudinofdyr.
Göwher MERDANOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hunär okuw mekdebiniň talyby.