Siziň üçin...Slider

Diňe balyklar hakynda

26-10-2024 / 5081

Dünýäde iň uly balyk kit akulasy hasaplanýar. Ýer ýüzünde öň ýaşap, häzirki wagtda ýitip ýok bolup giden balyklaryň arasynda iň iri balyk-Megalodon balygydyr. Onuň ululygy 16-18 metre çenli ýetýär, häzirki wagtda hem olara bolan garaýyşlar jedellidir.

Dünýädäki iň kiçijik balyk flippin öküzçesi diýip atlandyrylýar. Onuň iň uly görnüşi 7-9 millimetre ýetýär, ony suwda saýgarmak örän çetindir. Sebäbi onuň teni aýna ýaly içi görnüp durandyr.

Dünýäde suwuň iň çuň ýerinde ýaşaýan balyklara oňurgasyzlar degişlidir. Olar ýer şarynyň suwlarynyň ähli ýerlerinde gabat gelip, 330-dan gowrak görnüşi ylma bellidir. Bu jandarlar Ýuwaş okeanyndaky Marian çöketliginiň 8100 metr çuňlugynda gabat gelýärler.

Uçýan balyklar sagatda 80 kilometr tizlik bilen suwdan 5 metr ýokarda 400 metr uzaklyga çenli hereket etmäge ukyply. Olaryň bu häsiýetleri alymlar üçin henizem näbelli. Dünýä döwletleriniň birnäçesinde bu balyklar iýmit hökmünde ulanylýar. Ýaponiýada tutulýan balyklaryň 50 göterimi uçýan balyklara degişlidir. Bu jandarlar suwda ýaşaýanlaryň içinde ýeke-täk yzlygyna ýüzüp bilýän balyklara degişlidir.

Häzirki döwürde balyklaryň içinde iň köp ýaşaýan görnüşi barada hiç kim doly we dogry pikire gelip bilenok. Ýöne ýalpyldawuk zagara hem-de bekre balyklaryň ýüzden köp ýaşaýanlygy belli. Olaryň ýüzgüçleri gury ýerde hereket etmegi üçin aýagyň etmeli işini ýerine ýetirýär. Olara dem almak üçin suw zerurlygy hökman däl, sebäbi olar howada dem alyp bilýärler.

Häzirki wagtda alymlara balyklaryň 32000-den gowragy belli. Geň galmaly ýeri bolsa, million ýyl mundan öň ýok bolup giden diýlip, hasap edilýän Latimeriýa balyklaryň janly görnüşi XX asyrda Indoneziýanyň kenar ýakasynda hasaba alyndy.

Balyklaryň käbir görnüşi elektrik energiýasyny özünden öndürmek bilen, ony özlerini goramak we garşydaşyna hüjüm etmek maksadynda peýdalanýar. Ol elektrik energiýa adamlary ysgynsyz edýär.

Iň çakgan balyk orkinosdyr (ýyly deňizde ýaşaýan ullakan wagşy balyk ), ol sagatda, takmynan, 90 km tizlikde geçip bilýär.

Iň köp mukdarda ýumurtga taşlaýan balyk umman güneş balygydyr. Bu balyk bir gezekde 30 million barabar ýumurtga taşlaýar.

Şatlykberdi GURBANDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Senagat balykçylygy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu