«Championat.com»-yň habar bermegine görä, sport harytlaryny öndürmekde dünýä belli «Adidas» kompaniýasy Angliýanyň we «Real Madrid»-iň ýyldyz futbolçysy Bellingem üçin ýörite işlenip taýýarlanan meşhur Predator modelinden eksklýuziw butsulary hödürledi.
Butsular sary we gara reňkde dizaýn edilip, «Adidas»-yň meşhur zolakly logotipinden başga-da, Bellingemiň hususy brendi bolan «JB»-niň hem logotipi ýerleşdirilendir. Mundan başga-da, butsularyň aşagy altynsow öwüşgini bilen ünsi özüne çekýär. Bu hem meýdançada olara aýratyn görnüş berýär.
«TürkmenGazet».