SliderŽurnalistiň sahypasy

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi

25-10-2024 / 62

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Oslada mälim edildi. Baýrak hibakusýany – Hirosimadaky we Nagasakidäki atom partlamalarynyň pidalaryny birleşdirýän «Nihon Hidankio» atly ýapon guramasyna laýyk görüldi.

Gurama ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak ugrundaky tagallalary üçin bellenildi. Laureatlar «ýadro ýaragynyň indi hiç haçan ulanylmaly däldigini şaýatlaryň görkezmeleri bilen subut edýärler» diýip, Nobel komiteti belleýär. Mimaki Tosiýuki guramasyna Nobel baýragynyň berilmegi bilen bagly geçirilen metbugat konferensiýasynda ýadro ýaragynyň bütinleý ýok edilmelidigini nygtady.

Ýatlap geçsek, Parahatçylyk boýunça ilkinji Nobel baýragyna halkara Gyzyl Haç jemgyýetini esaslandyryjy Žan Anri Dýunan mynasyp bolupdy.

Hemra ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu