Siziň üçin...Slider

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri

23-10-2024 / 97

Nobel komiteti: 2024-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragynyň laureatlary alymlar Jon Hopfild hem-de Jeffri Hinton bolmagy başardy. Nobatdaky baýrak emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen maşyn biliminiň esasy bolan düýpli açyşlar we oýlap tapyşlary üçin berildi.

2023-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragyna Pýer Agostini, Ferens Krauz hem-de Ann L’Ýuilýe mynasyp bolupdy. Laureatlar adamzada atomlaryň we molekulalaryň içindäki elektronlaryň dünýäsini öwrenmek üçin täze gurallary berendikleri üçin sylaglanypdy. Alymlaryň ikisi-de statiki fizika bilen meşgullanýar.Olaryň işi ahyrky netijede maşyn bilimi ugrunda we emeli aňyň beýleki ugurlarynda giňden ulanylýan döwrebap neýroulgamlaryň döremegine getirdi.

Ýatlap geçsek, fizika boýunça ilkinji Nobel baýragyna rentgen şöhlesini açandygy üçin nemes fizigi Wilgelm Rentgene berlipdi.

Baýmyrat ARAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu