Siziň üçin...Slider

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri

24-10-2024 / 96

Ýaňy-ýakynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň iň ýokary hem-de abraýly baýragynyň biri bolan Nobel baýragynyň ýeňijileri mälim edildi. 2024-nji ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy döwletleriň ykdysady hal-ýagdaýynyň derejesindäki tapawudyň sebäpleriniň öwrenilendigi üçin Daren Aljemogluwa, Saýmon Jonsona we Jeýms Robinsona berildi.

Taryha ser salsak, 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Milli bankynyň döredilmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet ugry boýunça halkara Nobel baýragyny bermek hakynda karar edilýär. Şeýlelik bilen, 1969-njy ýyldan başlap, ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler üçin hem bu halkara baýragy gowşurylyp başlanýar.

Ýokarda ady agzalan alymlar institutlaryň nähili emele gelýändigini we olaryň ýurduň maddy hal-ýagdaýyna nähili täsir edýändigini öwrenendikleri üçin abraýly baýrak bilen sylaglandy. Olaryň işleri kanunyň ileri tutulmagyna esaslanýan güýçli institutlaryň gülläp ösüşe nähili ýardam edýändigini, şol bir wagtyň özünde gowşak gurluşlaryň we ilatyň ekspluatirlenmeginiň ykdysady ösüşe nähili böwet bolýandygyny düşündirýär. Komitetiň wekili Ýakob Swensson bu gözlegleriň döwletleriň arasynda girdejilerdäki uly tapawutlara düşünmekde ähmiýetlidigini belledi. Baýraklaryň nobatdaky gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň aradan çykan güni dabaraly ýagdaýda geçiriler.

Merdan AGAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu