Siziň üçin...Slider

Zehinli kompozitor, ajaýyp dirižýor we halypa mugallym

Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine

22-10-2024 / 82

Sungat, saz ynsanlara şypa beriji täsir edýär, ruhy dünýämizi tämizleýär. Saz Hudaý tarapyndan berlen peşgeşdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan halypalaryň, ussat kompozitorlaryň durmuş we döredijilik ýoly ýaş nesillere nusgalykdyr, olaryň döreden eserleri türkmen sungatynyň altyn gaznasyndan orun alandyr. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor, dirižýor, professor we jemgyýetçilik işgäri Nury Muhadowdyr.

Halypa kompozitor 1924-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda sazandanyň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň agasy Welimuhammet Muhadow hem Türkmenistanyň kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleriniň biridir. Olaryň kakasy Muhat aga Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Garly bagşy, Nobat Amansähedow ýaly tanymal bagşy-sazandalar we dessançylar bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr, olar Muhadowlaryň öýüne häli-şindi geler eken.

1939-njy ýylda mekdebi tamamlan Nury Muhadow Moskwa konserwatoriýasynyň türkmen bölümine wiolençel hünäri boýunça okuwa girýär we professor Aleksandr Pawlowiç Stogorskiden sapak alýar.

Beýik Watançylyk urşy ýyllary Nury Muhadow Stalingrad söweşine, Ukrainany, Wengriýany, Rumyniýany, Çehoslowakiýany we Awstriýany azat etmek ugrunda söweşlere gatnaşýar. 1946-1951-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Akademiki opera we balet eatrynda hormeýster we dirižýor, soňra baş dirižýor bolup işleýär. 1952-1956-njy ýyllarda Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň teoriýa bölüminde okaýar, 1958-nji ýylda bolsa Daşkent döwlet konserwatoriýasyna okuwa girip, kompozisiýa hünäri boýunça professor Boris Isaakowiç Zeýdmandan sapak alýar.

Şol ýyllar Nury Muhadow G.Muhtarowyň librettosyna M.Rawiç bilen bilelikde “Täsin tebip” erteki-baleti, “Zöhre-Tahyr” dessanynyň äheňinde “Mollanepes” simfoniki poemasy ýaly zehinli eserleriň birnäçesini döretdi, soňra şol poemanyň sazyna simfoniki sýuitalaryň ikisini ýazdy, olar 1966-njy ýylda Moskwanyň «Музыка» neşirýatynda çap edildi. Şol eserlerde kompozitor “Dag arman”, “Küştdepdi”, “Leýli gelin”, “Aglaryn”, “Balsaýat” we beýleki ençeme halk sazlaryny şowly özleşdirdi.

Halypa birnäçe simfoniki poemasyny, wokal-simfoniki, kamera-instrumental we kamera-wokal eserlerini ençeme aýdymdyr romanslary döredip, türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyna ägirt uly goşant goşdy. Kompozitor döredijiliginde ýaş nesle uly üns beripdir. Kompozitoryň çagalar we ýetginjekler üçin döreden eserleriniň arasynda “Fortepiano üçin ýeňil on pýesasy”, “Skripka üçin on bir pýesasy”, “Fortepiano üçin wariasiýalary”, “Wiolençel we fortepiano üçin pýesalary” we Türkmenistanyň çagalar sazçylyk mekdepleriniň repertuaryny baýlaşdyran aýdymlar bar. Häzirki wagtda mekdep okuwçylarymyz hem-de talyp ýaşlarymyz kompozitoryň sazlaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler.

Zehinli kompozitor, ajaýyp dirižýor we halypa mugallym 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda aradan çykdy. Häzirki wagtda ussat kompozitoryň ömri döredijiligi, şanly seneleri mekdeplerde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde öwrenilýär we bellenip geçilýär.

Merjen AMANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň umumy fortepiano mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu