Dünýä ummanlarynyň, deňizdir kölleriň suwasty dünýäsi özüniň täsin florasy we faunasy bilen haýran galdyrýar. Täsin hem ajaýyp deňiz jandarlary üýtgeşik suwasty dünýäsini emele getirýär.
Şolaryň arasynda daşky şekili boýunça «guzujyga» çalym edýän mollýuskalar bellenmäge mynasypdyr. Bu mollýuskanyň ylmy ady «Costasiella kuroshimae» diýlip atlandyrylýar. Ol adaty bolmadyk mollýuskalaryň bir görnüşi bolup, esasan hem Ýaponiýanyň Okinawa adasynyň Rýukýu arhipelagynyň suwlarynda ýaşaýar. Şeýle-de Filippin adasynyň suwlaryndaky uly barýer rifleriniň arasynda duş gelýär.
Owadan «guzujyk» diňe bir daşky görnüşi bilen tapawutlanman, ol fotosintez hem geçirmäge ukyplydyr. Bu ýagdaýa onuň bedeniniň daşky ýaşyl reňkli hlorofil pigmentleri ýardam edýär. Netijede, mollýuska bedeni üçin zerur bolan organiki maddalary özünde sintezleýär. Reňkli mollýuska suwuň 10 metr çuňlugynda mesgen tutmak bilen, suwdaky fitoplanktonlar bilen iýmitlenýär. Gözlegçiler bu görnüşiň köpdürliliginiň 200 müňe golaýdygyny çaklaýarlar.
Aýnur KULLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.