Siziň üçin...Slider

Matematiki adalgalary bilýäňizmi?

22-10-2024 / 212

Abssissa – “abscissus” diýen latyn sözünden gelip çykyp, “kesilen”, “kesilip alnan” diýmegi aňladýar. Bu adalgany nemes alymy, differensial we integral hasaplamalary esaslandyryjy G.W.Leýbnis (1646-1716) 1665-nji ýylda ilkinji gezek ulanypdyr.

Aksioma – “ahioma” diýen grek sözünden gelip çykyp, “ykrar edilen düzgün”, “şübhe döretmeýän tassyklama” diýmegi aňladýar. Bu adalgany irki döwürde Aristotel (384-322 b.e.ç) hem ulanypdyr. Biziň eramyzdan öň üçünji asyrda ýaşan Ýewklid özüniň “Başlangyçlar” diýen eserinde aksiomalary ulanyp geometriýany aksiomatik esasda gurmaga synanşypdyr. Ýewklid aksiomalarynyň käbirine postulatlar hem diýipdir. Ýewklidiň 5-nji postulatynda “göni çyzygyň üstünde ýatmaýan nokat arkaly şol göni çyzyga parallel bolan bir we diňe bir göni çyzyk geçirip bolar” diýilýär. Matematikler 5-nji postulaty subut etmäge synanşypdyrlar, emma bu synanşyklar şowsuz tamamlanypdyr. XIX asyrda bu postulatyň aksiomadygy anyklanyldy. Bu meseläniň çözüwi rus matematigi N.I.Lobaçewskiý bilen wenger matematigi Ýa. Boýýaýa degişlidir.

Algebra. Bu söz IX asyrda ýaşan Merkezi Aziýanyň beýik alymy Al-Horezminiň “ Aljebr we almukabala” atly kitabynyň adyndan gelip çykandyr. Bu kitap arap dilinden latyn diline terjime edilende “almukabala” sözi galdyrylyp, diňe “aljebr” sözi ýazylypdyr. “Aljebr” sözi bolsa wagtyň geçmegi bilen “Algebra” sözüne öwrülipdir. Aljebr diýlip goşulyjyny deňligiň bir böleginden beýleki bölegine geçirmeklige düşünilýär.

“Algebra” sözi türkmen diline rus dilinden , rus diline polýak dilinden, polýak diline nemes dilinden, nemes diline bolsa araplaryň “Aljebr” sözünden geçendir.

Algoritm. Bu söz Al-Horezminiň latynça “Algorithmus” görnüşde ýazylan adyndan gelip çykandyr. Algoritm-bu meseläniň käbir toplumyny çözmäge ýardam edýän we belli bir tertipde ýazylýan amallaryň doly yzygiderliligidir.

Analiz – grek sözi bolup, “derňew geçirme”, “bölüşdirme” diýmegi aňladýar. Gadymy grek taryhçylary analiz etmek usuly Platona degişli diýip hasaplapdyrlar. Ýewklidiň «Başlangyçlarynda» «analiz», «sintez», sözleri gabat gelýär. Analiz adalgasyny häzirki zaman matematikasyna Wiýet girizipdir.

Apofema – “apotithemi” diýen grek sözi bolup, “tarapa geçirilen” diýmekdir.

Argument – latyn “argumentum” sözi bolup, “belgi”, “nyşan” diýmekdir. Funksiýanyň argumenti diýen aňlatmany ilkinji gezek 1862-nji ýylda K.Neýman ulanypdyr.

Arifmetika – grek “arithmos” sözi bolup, san diýmegi aňladýar. Ark. Latyn arcus (duga) sözüniň gysgaldylan görnüşidir.

Asimptota – grek sözi bolup, “gabat gelmeýär”, “goşulmaýan” diýen manylary berýär. Bu söz [[Apolloniniň işlerinde gabat gelýär, şonuň üçin hem bu adalga şoňa degişli edilendir. Algebraik egri çyzyklaryň asimptotalaryny tapmaklygyň häzirki zaman usulyny Koşi (1826) oýlap tapypdyr.

Elmira RUSLANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby. 

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu