Siziň üçin...Slider

Kakao ýa-da şokolad agajy

21-10-2024 / 198

Kakao ýa-da şokolad agajy (latynça Theobroma cacao) – Teobroma urugynyň, Malvaceae maşgalasynyň  hemişelik ýaşyl öwsýän agaç görnüşine degişli. Kakao agajy Günorta Amerikanyň subekwatorial zonalarynda, ýabany görnüşleri Meksikanyň kenarýakalarynda, merkezi we günorta Amerikanyň tropiki tokaýlarynda ösýär. Miwesi däne ýa-da tohum şekilinde bolup, konditer senagatynda, dürli içgileri taýarlamakda we lukmançylykda giňden ulanylýar. Kakaoly içgileri taýarlamakda Teobroma urugynyň Theobroma bicolor görnüşi ulanylýar.

Kakao agajyň beýikligi 12-15 metr, onuň galyň we hemişelik ýaşyl reňkini saklaýan ýapraklary ýagtylyga görä hereket edip ösýär, gülleri agymtyl-gülgüne reňli, ilkinji güli agaç 4-5 ýaşyna ýetende açylýar. Kakao 12 ýaşyna ýetende ilkinji hasylyny berip başlaýar, onuň ösüşi 80 we ondan hem köp ýyl dowam edýär. Miwesiniň uzynlygy 30 sm, agramy 500 gram.

Kakao agajynyň hasyly ýylda iki gezek ýygnalyp alynýar:

  • Ýagyşly möwsümiň soňunda gurakçylyk başlamanka,
  • Ýagyşly möwsümiň başynda .

Ilkinji gezek ýygnalyp alnan hasyllary hil taýdan örän gowy hasaplanýar.

Kakao agajyna  kaulofloriýa häsiýet mahsus, ýagny miweleri ýaş şahalaryna berkleşmän, gös-göni başlangyjyny esasy agaç sütüninden alyp gaýdýar.

Lukmançylykda kakao agajynyň däneleri ýokarky dem alyş ýollaryny bejermekde, damak agyrmasyna, gakylyga garşy göreşmekde ulanylýar. Amerikan kardiologlarynyň aýtmagyna görä, kakaonyň düzümindäki saklanýan bioaktiw birleşmeler trombositleriň ýelimlenmegini 70% çenli azaldyp bilýär, bäş sany giňden ýaýran keselleriň (insult, infarkt, miokard, rak we diabet) derejesini 10% çenli peseldip bilýär.

Ýöne aşa köp iýmeklik hem saglygyňa zyýanly bolup biler. Çagalaryň söýüp iýýän gara şokoladynyň düzüminde antioksidantlaryň mukdarynyň köp bolanlygy sebäpli, ilki bilen, bagryň işini bozýar we serroz keseliniň döremegine sebäp bolýar.

Zylyha ALLAÝAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu