Sport

Sport ýaryşlary üstünlikli geçirilýär

23-10-2024 / 29

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga türkmen ýaşlary işjeňlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebinde sportuň erkin göreş görnüşi boýunça 2010-2011-2012-2013-2014-2015-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

Sport, bedenterbiýe çäreleriniñ köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy, olarda ýaş nesilleriň üstünlikli çykyş etmegi buýsanç bilen bellärliklidir. Şu gezekki sport ýaryşynda hem sport mekdebiniň türgenleri ýokary işjeňlik görkezdiler.

Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Şoňa görä-de, türkmen türkmenleri hem öz sport endiklerini kämilleşdirmek, has ýokary sport netijelerini gazanmak üçin yzygiderli türgenleşip, dürli ýaryşlara gatnaşýarlar.  1-nji sport mekdebinde sportuň erkin göreş görnüşi boýunça degişli agramlarda guralan açyk birinjilik hem munuň şeýledigini äşgär görkezdi.

Ýeňijiler şeýle kesgitlenildi:

I ýer ― Alişerow Tahyrjan (2011ý. 41 kg agramda), Şabat etrabynyň 26-njy orta mekdebi;

I ýer ― Ataýew Gudrat (2014ý 32 kg agramda), Köneürgenç etrabynyň 56-njy orta mekdebi;

I ýer ― Genjebaýew Şyhmurad (2013 ý. 35 kg agramda), Köneürgenç etrabynyň 3-nji orta mekdebi;

I ýer ― Meňliýew Sarwar (2011 ý. 38 kg agramda), Şabat etrabynyň 26-njy orta mekdebi;

I ýer ― Reýimbaýew Arif (2013 ý. 29 kg agramda), Şabat etrabynyň 45-nji orta mekdebi;

I ýer ― Umarow Rahman (2015 ý. 26 kg agramda), Şabat etrabynyň 45-nji orta mekdebi.

Türgenleriň tälimçi-mugallymlary: Ýegenklyçew Arslan, Duşemow Artur, Klyçew Güýç we Kerimow Kuwwat. Ýeňiji bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy. Ýaryşlar hakyky dostluk ruhunda geçdi. Şeýle çäreler ýaş nesillerimiziň hyjuwdan doly ýüreklerinde ajaýyp ýatlamalary galdyrýar.

Atahan ARTYKOW,
Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu