
Häzirki wagtda ylmy açyşlar üçin döredilen baýraklaryň sany 100-den hem geçdi diýsek ýalňyşmarys. Ýöne şol baýraklaryň arasynda giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen iň bir abraýly baýraklaryň biri 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr. Bu baýragy esaslandyryjy bolsa, 355 sany oýlap tapyşy bolan meşhur şwesiýaly himik, inžener we oýlap tapyjy Alfred Nobeldyr.
Mälim bolşy ýaly, ilkinji gezek halkara Nobel baýragy Alfred Nobel aradan çykanyndan 5 ýyl soňra, 1901-nji ýylyň 10-njy dekabrynda gowşurylýar. Nobeliň milleti şwed bolansoň, bu baýragy Şwesiýanyň Nobel gaznasy gowşurýar. Ine, 2024-nji ýylda Edebiýat ugry boýunça Nobel baýragy 53 ýaşly koreýaly ýazyjy zenan Han Gana gowşuryldy. «Edebiýat boýunça baýragyň laureaty Han Ganyň adatdan daşary durmuş wakalaryna fiziki duýgudaşlygy barha täsirli metafora stili bilen güýçlendirilýär» diýlip, Şwesiýa akademiýasynda bellenildi.
Han Gan ýazyjy Han Synwonyň gyzy. Hatda onuň dogany Han Dollim hem meşhur ýazyjylaryň biridir. Han Gan «Seniň sowuk elleriň», «Grek diliniň sapaklary», «Ynsan etmişleri» hem-de «Men hoşlaşmaýaryn» ýaly meşhur romanlarynyň awtorydyr. Hanym Gan «Wegetarian» romany bilen uly meşhurlyk gazandy. Hatda ol bu romany üçin 2016-njy ýylda Halkara Buker baýragyna mynasyp bolmagy başardy.
Häzirki wagta çenli, takmynan, 120-ä golaý ýazyja edebiýat ugry boýunça Nobel baýragy gowşurylyp, olaryň içinde bolsa, has köp iňlis dilinde eser ýazan edebiýatçylara bu baýrak gowşurylypdyr. Ýatlap geçsek, edebiýat boýunça Nobel baýraklary alanlaryň arasynda Robindranat Tagor, Anatol Frans, Bernard Şou, Tomas Mann, Germann Gesse, Uilýam Folkner, Ernest Hemingueý ýaly dünýä belli ýazyjylar hem bar.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.