Habarlar

Demir ýol gatnawlarynda «Bir gezeklik ýapynjalar» hyzmaty girizildi

20-10-2024 / 267

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçylar üçin amatlylyk we arassaçylyk şertlerini ýokarlandyrmak üçin täze bir hyzmatyň – «Bir gezeklik ýapynjalar» hyzmatynyň girizilendigini mälim etdi.

Ýolagçylar indi demir ýol petegini satyn alanda, petek kassalarynda, menzillerde, şeýle hem «Turkmenistan Railways» mobil goşundysy arkaly onlaýn sargytlara bir gezeklik ýapynjalary aňsatlyk bilen goşup bilerler. Olaryň bahasy petegiň umumy bahasyna goşular, bu bolsa satyn alma işini aňsatlaşdyrar.

Täze başlangyç, kompaniýanyň müşderileriniň saglygy barada alada etmäge bolan ymtylyşyny görkezýär we ýolagçylykda has ygtybarly gurşaw döredýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu