Habarlar

Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly açylýar

18-10-2024 / 225

Ýurdumyzda soňky ýyllarda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk täze belentliklere çykarylýar. 18 — 20-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilýän TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly munuň aýdyň güwäsidir.

Festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň, agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň maslahatlarynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Dostlukly ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu teatr festiwaly köňülleri birleşdirýär, halklary ýakynlaşdyrýar.

Düýn, 17-nji oktýabrda daşary ýurtly teatr artistleri we beýleki döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gezelençde boldular. Olar milli medeniýetimiziň taryhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda başlanýar. Bu dabara mynasybetli teatryň öňündäki meýdançada halkara festiwala gatnaşýan döredijilik toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de tanyşdyrylyşy, teatryň foýesinde bolsa kitap we sungat sergisi guralar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu