Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde birnäçe sport desgalary — köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion guruldy.
Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekde gazanan üstünlikleriniň dowamat-dowam bolýandygyny tassyklaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim berýän, şeýle-de ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.
Halkymyzyň saglygy, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýgözel ATAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.