Siziň üçin...Slider

Papaýa ― gawun agajy

17-10-2024 / 189

Papaýanyň watany Merkezi we Demirgazyk Amerika hasaplanýar. Papaýanyň miwesi «mämişi gün» diýip we ösýän agajy «çörek miwesi» agajy diýlip atlandyrylýar.

Papaýa agajy atanak güllüler maşgalasyna degişlidir. Papaýanyň agajy şahasy bolmadyk, inçe baldakly bolup, baldagynyň uzynlygy 10 metre çenli ýetip bilýär. Onuň depesinde ýapraklary, gülleri ýerleşip, diametri bir metre çenli ýetýär. Ýapraklary uly bölünen görnüşde bolýar.

Tohum ekilenden tä ilkinji hasyl emele gelýän döwüre çenli bary-ýogy bir ýarym ýyl bolup durýar. Häzirki wagtda papaýa Taýland, Hindistan, Braziliýa we Peru ýaly ýurtlarda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

Papaýanyň bişen miweleri pes kaloriýaly, aňsat siňdirilýän iýmit bolup, onuň düzüminde köp mukdarda belok saklanýar. Ondan başga-da, glýukoza, organiki kislotalar, mikro we makro elementleri, şol sanda kaliý, kalsiý, demir, B, C, A we D toparlarynyň witaminleri saklanýar.

Papaýa daşyndan seredeniňde we tagamynda, esasan, gawuna meňzeş häsiýetleri özünde jemleýär. Köplenç, bişmedik miwäniň tagamy süýji käşiriň, kädiniň tagamyny berýär. Bişen miwesi gawunyň tagamyny berýär. Onuň miwesi böwürsleniň ysyny ýa-da salýar.Miwesiniň agramy 1-7 kg, diametri 10-30 sm, uzynlygy 45 sm çenli ýetýär. Eksport üçin miweler daşalanda ýaşyl reňkde agaçdan aýrylýar. Bişmedik miwe gurak garaňky ýerde goýlanda wagtyň geçmegi bilen bişýär. Bişen papaýany bir hepde sowadyjyda saklap bolýar.

Papaýanyň dermanlyk häsiýeti köpdür, ýagny oniki barmakly içegäniň ýaralaryny aýyrmakda, ýürek bulanmagy, demgysmany, bagyr kesellerini bejermekde kömek edýär we iýmit siňdiriş ýollaryny gowulandyrýar. Süýji keseli bolan adamlara papaýa iýmek maslahat berilýär. Papaýa şiresi şekeriň kadalaşmagyna kömek edýär.

Nurmyrat ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Senagat tehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu