PsihologiýaSlider

Saz zehini ýiteldýär

15-10-2024 / 335

Dünýä belli meşhur fizik alymy Albert Eýnşteýniň (1879–1955) mekdepde okaýan döwründe derslerine ýetişigi örän pes bolýar. Okaýan mekdebiniň müdiri Eýnşteýniň bilim öwrenmäge hiç hili ukybynyň ýokdugyny, şeýle hem bahalarynyň çenden aşa pesdigini göz öňünde tutup, onuň ata-enesine ogluny mekdepden alyp gitmeklerini tabşyrýar. Maslahat hökmünde bolsa, oňa ýeňiljek iş tapyp berip, şol ýerde işletmekligiň has ýerlikli boljakdygyny belleýär. Emma ejesi ogly Albertiň beýle kütekdigine ynanmaýar. Şonuň üçin ol ogluna skripka satyn alyp berýär. Sazçylyk sungaty we skripka Albert Eýnşteýniň häzirki döwürde adamzat durmuşyna özüniň ägirt uly açyşlary bilen goşant goşan meşhur fizik bolmagyna ýardam edýär. Saz onuň zehinini açýar. Munuň şeýledigini onuň özi hem doly  tassyklaýar.

Albert Eýnşteýn, esasan hem, Wolfgang Amadeus Mosartyň sazlaryny köp diňleýär we çalýar. G.J.Witrow dosty Albert bilen kyn meseleleriň üstünde duranlarynda onuň bir salymlyk skripkasynda saz çalýandygyny ýatlap geçýär.

Saz ähli duýgularyň başlangyjdyr. Ol ynsanyň ruhy ahwalyna özüniň täsirini ýetirip bilýär.  Sazyň ritmi bolsa onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsan bedeni sazyň ritmine iki hili duýgurlyk görkezýär.  Olaryň birinjisi ritmi eşitmek, ikinjisi bolsa şoňa laýyk hereket etmek bolup durýar. Çünki ynsan bedeninde hem özboluşly ritm bardyr. Muňa mysal edip ýürek urşunyň ritmini görkezmek bolar. Ritm fiziki hereketleriň sazlaşygyny üpjün edýär. Esasan hem ritmi haýal bolan klassik sazlar bedeniň rahatlamagyna, metabolizmik täsirleşmeleriň kadalaşmagyna, dem alyş tizliginiň norma laýyk gelmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Meşhur bolgar psihology George Lozanow özüniň işläp taýýarlan öwreniş ulgamynyň üsti bilen ritmi 60 taktdan ybarat klassik sazlar arkaly daşary ýurt dilini çuňňur öwrenmegiň mümkindigini aýdýar. Bu ulgam arkaly okuw ýylynyň dowamynda öwreniljek daşary ýurt sözleriniň ählisiniň bir günde öwrenilip bolýandygyny öňe sürýär. Ol dersiň dowamynda okuwçylaryna pessaý sesde klassik sazlary diňledýär.  Öz okuwçylary bilen geçiren bu barlaglarynyň netijesinde ýetişigiň 92% bolandygy tassyklanylýar. Lozanow  klassik sazlary diňläp öwrenilen maglumatlaryň 85–100%-niň dört ýyldan gowrak wagt geçeninden soňra hem ýatda galýandygyna güwä geçýär.

Göwher ELLEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu