Saýgak – antilopalar maşgalasyna degişli görnüş bolup, burny hortum görnüşli goşa toýnakly sähra antilopasydyr.
Ol örän täsin jandar. Ol baradaky täsinlikleriň biri hem hortumjyga meňzeş burnunyň bolmagydyr. Munuň şeýle bolmagy ýöne ýere däl, ýagny onuň hortumjygy ýüň bilen örtülen bolup, dem alýan howasyny toýnaklarynyň täsirinde döreýän tozan bölejiklerinden arassalaýar.
Saýgaklar hemişe ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň gözleginde bolýarlar. Olar iýmitiň gözleginde wagty köp hereket etmeli bolýarlar. Şonuň üçin olaryň çanaklyk süňküne birigen yzky aýagynyň bogny ösen bolup, olara köp hereket etmäge kömek edýär. Haçan-da olara howp abananda, ýagny ýyrtyjylar, möjekler, tilkiler hüjüm edende olar özüni halas etmek üçin öňki aýaklaryny epip, dik ýokary bökmek esasynda gaçýarlar.
Saýgagyň aýratynlyklarynyň biri hem onuň tizliginiň ýokary bolmagydyr. Olar sagatda 80 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Saýgaklaryň beýleki antilopalardan tapawudy olaryň erkekleriniň ,,S’’ şekilinde hortumunyň bolmagydyr. Olaryň beýle hortumynyň bolmagy pes tolkuny sesi duýmaklyga ýardam berýär. Şol sanda jübütleşme döwründe urkaçy saýgaklary özüne çekmeklige kömek edýär.
Meýlis REÝIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň talyby.