Bägüller dünýäsi örän owadanlygy we täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Her bir bägül özüniň reňki, daşky görnüşi we ysy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Bägül bu ýer ýüzündäki iň owadan gülleriň biridir. Sowgat edilen bägül dessesine seredip ýylgyrmaýan zenan bolmasa gerek. Şu ýerde bägüller hakynda birnäçe gyzykly maglumatlara seredip geçeliň:
* Bägül ABŞ, Eýran we Angliýanyň milli güli hasaplanýar.
* Tebigy bägül ýagy dünýädäki iň gymmat ýaglardan biridir. Ol altyna we platina garanda köp gadyrlanýar. Bir kilogram bägül ýagyny almak üçin üç tonna gül ýapraklary gerek bolýar.
* Bägüliň ysyndan dem alan adam özüni rahat duýýar. Onuň hoşboý ysy ynsanyň keýpini göterýär.
* Şekspir özüniň eserlerinde bägüller hakynda 50-den gowrak zatlary nygtap geçýär.
* Dünýädäki iň kiçi bägül şaly dänesiniň ölçegi bilen deňdir.
* Ýer ýüzündäki iň gadymy bägül Germaniýada ,, Xildesxaym” bagynda ösýär. Bu bägüliň döränine takmynan 1000 ýyl bolupdyr. Uruşlar wagtynda zyýan ýetipdir, emma kökünden ösüp çykyp, ýene saklanyp galypdyr.
* Ýabany bägüliň miweleri limona garanda S witaminini köp saklaýar. Olaryň şireli suwy saglygy saklamakda peýdaly hasaplanýar.
* Russiýada ajaýyp güli XVI asyrda görüpdirler. Baglary bägüller bilen bezemegi Pýotr I we Katrin II buýrupdyr.
* Ýaponiýada ,,Xamelion” bägülleriň dürli görnüşleri bar. Ir säher bilen bu bägülleriň gülleri açyk gyzyl, agşama ýakyn bolsa ak reňke öwrülýär.
Çeper ASTANOWA,
TOHI-niň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 101-nji toparynyň talyby.