- Iňlis dili iň ýörgünli ulanylýan dilleriň biridir
Dünýäde her bäşinji adam iňlis dilinde gürleýär ýa-da belli bir derejede düşünýär. Häzirki wagtda 1,5 milliarddan gowrak adam bu dilde erkin gürleýär hem-de iňlis dili 50-den gowrak ýurtda esasy ýa-da resmi dil hökmünde ulanylýar.
- Iňlis dili täze mümkinçilikleri açýar
Bu dili bilmek durmuş we iş şertlerini ýeňilleşdirýär. Onuň kömegi bilen dürli ýurtlarda işlemäge, tejribäňi artdyrmaga, hatda uzak aralykdan belli kompaniýalarda, edaralarda zähmet çekmek mümkinçilikleri bar. Şeýle-de telekeçilik bilen meşgullanýan adamlar öz önümlerini, harytlaryny daşary bazarlara çykarmakda iňlis dili ygtybarly aragatnaşyk serişdesidir.
- Iňlis dilini bilmek bilim derejäňi artdyrýar
Dünýäniň görnükli, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň aglabasynda sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar. Şeýle-de, ylmy adalgalaryň köpüsi bu dilde aňladylýar. Netijede, bu dilde erkin gürläp bilýän, hat-ýazuw düzgünlerine düşünýän her bir ynsan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilimini has-da çuňlaşdyryp biler.
- Saglyga peýdaly
Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, dil öwrenmegiň ynsanyň saglygyny berkidýändigi, immun ulgamynyň goraýjylygyny kämilleşdirýändigi ýüze çykaryldy. Adam täze dil öwrenmek bilen, ol dilde gürleýän halklaryň medeniýetine, ruhy dünýäsine aralaşýar, dünýägaraýşyny has-da giňeldýär.
- Akyl ýetirijilik, aň-huş ukyplaryny artdyrýar
Iňlis dili öwrenmek üçin ýeňil dilleriň biri hasaplanýar. Şeýlelikde, bu dili öwrenmek gyzykly bolup, adamyň aň-huş ykyplarynyň, akyl ýetirijiliginiň hem tiz ösmegine ýardam edýär. Iňlis diliniň täsiri bilimiň-ylmyň ähli ugurlaryna diýen ýaly öz täsirini ýetiripdir, şonuň üçin dili bilmek durmuşyň dürli ugurlarynda ynsanyň habarlylygyny artdyrýar.
Rana JUMAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.