Siziň üçin...Slider

Awakado — gudratly miwe

14-10-2024 / 244

Awakado (Persea amehcana) hemişe ýaşyl öwüsýän agaç bolup, ol Lawrlar maşgalasyna degişlidir. Bu agajyň miweleri Panamanyň ilatynyň arasynda gaty meşhur, ýöne bu täsin miwäniň dörän ýeri Günorta Meksika we Merkezi Amerika hasaplanýar. Bu ýerde awakadolar miladydan öňki sekizinji müňýyllyklarda ösüp başlady we diňe XVII asyrdan başlap, bu täsin miweler dünýäniň dürli künjeklerine getirilip başlandy.

Häzirki wagtda bolsa Awakado Panamada-da, dürli ýurtlaryň tropiki we subtropiki sebitlerinde-de hemme ýerde diýen ýaly ösdürilýär. Bu üýtgeşik ösümligiň ady Astek (Meksikanyň iň uly indeýsler halkyýeti, şeýle hem şol halkyýete degişli adamlar) dilinden gelip çykan bolup “ýumurtgajyk“ diýmegi aňladypdyr. Perseus urugyna degişli görnüşlerden çalt ösüp kemala gelýän bu agajyň beýikligi 18 metre, ýumurtga şekilli ýapraklarynyň uzynlygy bolsa 10-20 santimetre barabar bolýar.

Bu agajyň miweleri armyt, şar ýa-da ýumurtga görnüşli bolup, uzynlygy 5-10 santimetre, ortaça miwesiniň agramy 0,5 kilograma deň bolup, iň uly miweleriniň agramy bolsa, 2 kilograma çenli bolup bilýär. Bu miwäniň daşky gabygy gaty bolup,  goýy ýaşyl reňkli bolýar. Bişmedik miweleri zäherli bolup, ol iýmit siňdiriş ulgamyna ýaramaz täsir edýär. Şeýle hem bişmedik miweler  güýçli allergiki täsiri ýüze çykarýar. Miwäniň bişip-bişmedigini barlamak üçin miwäniň ýüzüne ýeňil basmaly. Miwäniň  gabygy barmaklaryň aşagyna siňip, soňra öňki görnüşini ýuwaş-ýuwaşdan dikeldýän bolsa, bu miwäniň iýmäge ýaramlydygyny aňladýar. Entäk gaty bişmedik miwäni satyn alandygyňyzy görseňiz, ony iýmeli dälsiňiz, bişýänçä ýyly ýerde bir-iki hepdeden geçirmän goýandan soň iýip bilersiňiz.

Häzirki wagtda awakadonyň 600-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bu täsin miwe ysgynsyzlygy ýeňmäge oňaýly täsirini ýetirýär, şeýle hem jynsy ukyplylygy ýokarlandyrmaga kömek edýän birleşmeleri özünde saklaýar. Awakado, esasan hem, ýürek-damar keselleri bolan adamlar, nerw we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň bozulmalaryndan ejir çekýän adamlar üçin örän peýdalydyr. Bu miwäniň kabul edilmegi ýady gowulaşdyrýar, metabolitik proseslerde möhüm rol oýnaýar we ösüşe goldaw berýär. Awakadonyň ýapraklarynda, tohumlarynda zäherli maddalaryň köp bölegi bar, olar diňe haýwanlar üçin däl, eýsem, adamlara hem zyýan ýetririp biler.

Awakadony gudratly miwe diýip atlandyryp bolar, sebäbi dünýäde iýmit gymmaty boýunça awakadodan öňe geçip biljek miweler gaty az. Käbir bilermenler bu miwäniň ýeke özüniň kabul edilmegininiň zyýansyzdygyny aýdýarlar, sebäbi onda ýaşaýyş üçin zerur bolan witaminler we minerallar bar. Bu miwäniň düzüminde adam bedeni tarapyndan gowy özleşdirilýän ýaglaryň 25-35% -e golaýy saklanýandyr. Mundan başga-da, bu miwede uglewodlar bolany üçin süýji keseli üçin zyýanly täsiri ýok hasaplanýar. Bu miwede A, B, C, E ýaly köp sanly witaminler bolup natriý, fosfor, demir, kalsiý ýaly adam badeni üçin zerur we peýdaly elementleri özünde saklaýar.

Dürdäne BAÝRAMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu