Gara garpyz daşynyň gara reňki, şiresi, süýjüligi, mahmal etli tagamy bilen tapawutlanýar. Baldagynyň uzynlygy 3 metr, ýapraklary bölünen, gülleri açyk sary reňkli, miwesi tegelek şekilinde, süýjüligi beýleki sortlardan tapawutlanmaýar.
Ilkinji gezek «Densuke» ady bilen tanalýan gara garpyzlar 1980-nji ýylda Ýaponiýanyň Hokkaido adasyndaky Toma obasynda ýerli daýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu garpyz tohumlary tüwi meýdanlarynda adaty ýapon dänesiniň gowy ösmegini we girdeýji gazanmagyny bes etmegi sebäpli ekildi. Tüwi ösdürip ýetişdirmeklik ýapon daýhanlary üçin birden peýdasyz işe öwrüldi we olar tüwiniň deregine adaty bolmadyk garpyz ösdürip ýetişdirmek kararyna geldiler. «Densuke» görnüşiň ady ýapon dilinden «Tüwi meýdanlaryna kömek» diýlip terjime edilýär.
Häzirki wagtda bu garpyzlar tebigy reňkini nygtaýan gara gutularda satylýar. Olaryň agramy 5 — 7 kilograma çenli ýetýär. Ýaponiýanyň dükanlaryndan bu garpyzlary häzir 50 dollardan satyn almak bolýar. Bu görnüşdäki garpyzlar iň gowy sowgat hasaplanýar.
Maral AGAJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.