Habarlar

Ermenistanyň Prezidenti türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine geldi

13-10-2024 / 410

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirilip, belent mertebeli myhman türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň öňünde çykyş etdi.

Tanyşdyryş dabarasynda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan çykyş edip, şu günki dabaranyň ýokary ähmiýetini belledi. Şu ýyl söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip, daşary ýurtlarda, şol sanda Ermenistanda hem dürli mazmunly çäreleriň geçirilýändigi, şahyryň şygyrlarynyň onlarça dile terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýändigi nygtaldy. Ermenistanyň döwlet Baştutanynyň hut özüniň gatnaşmagynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen kitabynyň  tanyşdyryş dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana söz berildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň geçirilendigini, döwlet Baştutanymyza Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berendigini hem-de özüniň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygyny uly kanagatlanma bilen belledi.

Täze neşiriň ermeni taryhçylary we filologlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, meşhur söz ussadynyň şygyrlarynyň muşdaklary üçin gymmatly gollanma öwrüljekdigi ikuçsyzdyr. Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan hem-de taryhy maglumatlara görä, keşt eden ajaýyp ülkesinde ýaşaýan halklar bu gün şahyryň köňül köşgüniň genji-hazynasy bolan şygyrlary bilen tanyş bolmaga mümkinçilik aldylar. Şahyryň eserleri bu gün türkmen hem ermeni halklarynyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň ermeni dilindäki şygyrlary iki halkyň arasyndaky ruhy ýakynlygy, dost-doganlygy has-da jebisleşdirer.

Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu