12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuh uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy bähbitlere, şeýle hem durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellediler.
Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
«TürkmenGazet».