Meşhur gazak şahyrynyň özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän heýkeli Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde bina edildi. Bu heýkel türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bilelikde gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Dabara Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleri, medeniýet, sungat işgärleri gatnaşdylar. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.
Heýkeliň umumy beýikligi 7 metrden gowrakdyr. Heýkeltaraş gazak şahyrynyň keşbini ussatlyk bilen şekillendiripdir. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Ýeri gelende bellesek, gazak halkynyň beýik ogly we akyldar şahyry Abaý Kunanbaýew hem Gazagystanda ýazuwly edebiýatyň esaslandyryjysy bolmak bilen, milli medeniýetiň, sungatyň ösmeginde uly işleri bitirdi. Ol gazak edebiýatynyň Gündogaryň nusgawy edebiýatynda mynasyp orun almagyna örän uly goşant goşdy.
«TürkmenGazet».