Habarlar

Aşgabatda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy

10-10-2024 / 204

9-njy oktýabrda Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Bu ýerde ulular we çagalar üçin birnäçe köpugurly bölümler hereket eder. Täze merkeziň bölümleri dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. 7 gatdan ybarat hassahanada dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi.

Daşary ýurtly hünärmenler mejlisler zalynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktoryna dabaraly ýagdaýda halkara güwänamalary, hususan-da, «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, «Marienhospital Gelsenkirсhen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde iki sany güwänamasyny gowşurdylar.

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ylmy-barlag merkezini, 10 sany ylmy-kliniki we kömekçi bölümleri, beýleki gulluklary öz içine alýar. Merkeziň bölümlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa onuň kliniki we ylmy bölümleriniň özara sazlaşykly işlemegine şert döredýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça degişli işler geçiriler, okuwlar, ylmy barlaglar alnyp barlar.

Daşary ýurtly bilermenler Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktoryna halkara güwänamalary — «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, «Marienhospital Gelsenkirсhen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde ýokary hil we kämilligi üçin iki sany güwänamasyny gowşurdylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu