Habarlar

Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

09-10-2024 / 210

7-8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iki günlük iş saparyny amala aşyrdy.

Sammitiň barşynda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara hem sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy. GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde bolsa gurama gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, Arkalaşygyň çäginde özara hereketleri ilerletmek boýunça pikir alyşdylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu