Habarlar

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler

09-10-2024 / 214

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 4-nji oktýabrynda geçirilen mejlisinde Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde guraljak VI Wena balyna gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Wena baly özüniň gözbaşyny geçen asyrdan, ýagny 1935-nji ýyldan alyp gaýdýar. Biziň ýurdumyz hakynda aýdanyňda bolsa, ony Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany hökmünde 2008-nji ýylda Wena bolan sapary bilen baglanyşdyryp bolar. Çünki şol ýylda döredijilik işgärlerinden ybarat bolan topar, has dogrusy, sungat ussatlarymyz Wenanyň belli konsert köşgünde çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göteripdiler. Ýewropada ilkinji gezek ýaňlanan halk sazlarydyr mukamlar medeni gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Şonuň esasynda-da, gatnaşyklar berkäp, 2009-njy ýylyň maý aýynda mermer paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde türkmen-awstriýa orkestriniň ilkinji konserti geçirilip, ol ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň hasam berkemegine getirdi.

2011-nji ýylyň sentýabrynda bolsa ilkinji Wena baly geçirilip, onuň watany hasaplanýan Awstriýa bilen medeni gatnaşyklaryň ösýändiginiň güwäsi boldy. Şol ýyldan başlap, Wena balyny geçirmek däbe öwrüldi. Onuň her ýylda-da täze öwüşgine eýe bolmagy medeni babatdaky ösüşlerimize şaýatlyk edýär. Öňler diňe milli tanslardan başy çykan ýaşlarymyzyň çalynýan saza görä, jübütlikde walsy, şonuň ýaly-da, dürli tanslary ýerine ýetirip bilmekleri olaryň başarnyklaryny ýüze çykarýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçiriljek VI Wena baly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylar.

Mekan HAÝYTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu