Siziň üçin...Slider

Kitap okamagyň edebi

09-10-2024 / 5036

Kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik bolman, ony gowy saklamak, gözüň göreji ýaly seretmek gerek. Ähli zadyň öz edebiniň bolşy ýaly, kitap okamagyň hem özboluşly edebi bar.

Kitap okamak edebiniň birinji şerti köpçülikde kitaby sessiz okamakdyr.

Kitap okalanda, onuň möhüm ýerlerine galam bilen bellik etmek peýdalydyr, emma daşyny garalamaly däl. Eger kitap özüňki däl bolsa, onda aýratyn kagyza bellik etmek has gowudyr.

Kitaby ýeke elde tutup, gaňyryp okamak kitabyň tiz dargamagyna getirer. Kitaby beýle okamak edepsizlik, kitaba bolan hormatsyzlyk hasaplanýar.

Eger ýanyňyzdaky başga biriniň okaýan kitabynyň ady we temasy bilen gyzyksaňyz, ol tarapa boýnuňy sozup biljek bolmak edepsizlikdir, mylaýym söz bilen kitaby birnäçe minutlyk soramak has gelşiklidir.

Kitap okalýan wagty suwly miweleri iýmezlige çalyşmaly, şeýle edilende kitaba tegmil degip, onuň hapalanmagy mümkin.

Eger kitap elimizde uzak wagt galjak bolsa, wagtlaýyn okamaga alan hem bolsak, onuň daşy gaplanmalydyr. Kitabyň daşky gözelliginiň hem uzak wagt saklanmagyny üpjün etmelidiris. Çünki kitabyň daşy onuň ilkinji özüne çekiji merkezidir.

Kitaby okap bolanyňdan soň, gysgarak hem bolsa, ol kitap hakdaky pikiriňi ýazmagy endik edinmeli.

Kitaphanadan kitap alyp okanyňyzda, kitabyň içinde özüňiz tanap biljek şekilde kiçijek bir kagyz bölejigini galdyrsaňyz, birnäçe ýyldan soňra şol kitaby soranyňyzda ony tanap, özüňizi köne dostuňyza duşan ýaly duýup bilersiňiz.

Gülendam HUDAÝKULOWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu