Çörek agajy tutlar maşgalasyna degişlidir. Tropiki sebitlerde giňden ýaýran agajyň Watany Günorta-Gündogar Aziýa we Flippin adalary hasaplanýar.
Agajyň boýunyň uzynlygy 9-18 metr, ýogynlygy 90 santimetr golaý bolýar. Oturdylan ýaş nahallar 6 ýyldan soň hasyl berip başlaýar. Agajyň hasyl berip biljek ömrüniň dowamlylygy 50 ýyla golaý bolýar. Miwesiniň uzynlygy 9-45 santimetr, diametri 5-30 santimetr aralygynda bolýar. Bir miwäniň agramy 6 kilograma golaý bolýar. Doly bişmedik miwesi sarymtyl ýaşyl reňkde, doly bişen miwesiniň reňki bolsa sarymtyl goňur reňkde bolýar.
Agajyň dürli görnüşlerine baglylykda miweleri tohumly we tohumsyz bolup bilýär. Onuň miwesi krahmala baý bolýar we krahmal alynýar. Alynýan krahmal bolsa bugdaý ununyň ýerini tutup bilýär. Miwesi tagamy boýunça banany ýatladýar, miweler doly bişip ýetişende olary terligine iýmek bolýar. Eger-de, miweler doly bişip ýetişmedik bolsa, onda olary iýmit üçin bişirilen ýagdaýynda ulanmak bolýar. Bişen miwe ýumşak we süýji, bişmedik miwe bolsa gaty we krahmally bolýar. Çig miwe bişirilende täze bişirilen çöregiň tagamyny berýär, şonuň üçin bu miwä “çörek agajy” diýilýär.
Agajyň sütünleri berk bolýar. Şol sebäpli, bu agaç gurluşyk senagatynda giňden ulanylýar. Mundan başga-da, bu agajyň hasyllylygy ýokary bolýar. Bir gektar ýerden 6 tonna çenli hasyl alyp bolýar.
Mekan DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.