
«An-Nasr»-yň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň çempionatynyň nobatdaky turunda «Al-Oruba»-nyň derwezesine gol geçirdi.
Futbol taryhy we statistikasy halkara federasiýasynyň (IFFHS) hasaplamalaryna görä, portugaliýaly futbolçy TOP-derejedäki 600 oýunda gol urmagy başardy hem-de şeýle netije görkezen ilkinji oýunçy boldy.
Lionel Messi karýerasynyň dowamynda 556 sany duşuşykda gol geçirdi. Soňky orunlary aşakdaky futbolçylar eýeleýär:
- Kriştianu Ronaldu — 600
- Lionel Messi — 556
- Romario — 479
- Pele — 456
- Robert Lewandowskiý — 444
- Ferens Puşkaş — 434
- Luis Suares — 423
- Zlatan Ibrahimowiç — 417
Ronaldu 374 sany oýunda birden, 160-synda ikiden, 55 sany duşuşykda üçden, 9 oýunda bolsa dört sany gol geçirdi. Şeýle hem ol iki oýunda birbada bäş goluň eýesi bolupdy.
«TürkmenGazet».