
«Smart Landscape GrowFrame» – diwardaky janly bezeg çarçuwaly özboluşly peýzažy emele getirýän gurluşdyr. Bu gurluşy öz halaýan ösümlik görnüşleriňiz bilen bezäp, öz isleýän kombinasiýaňyzy alyp bilersiňiz.
Bu täsin bezeg islendik öýe, ofise, aşhana ýa-da bolmasa, beýleki jemgyýetçilik ýerlerine ajaýyp bezeg berip biler. Çarçuwa diwara gurnalan bolup, ondaky ýerleşdirilen ösümlikler janly sungat eserini emele getirýär. Ondaky gurnalan yşyklandyryjy diodly indikatorlar pes temperaturada işleýär, bu ýagdaý ýaş ösümlikleri aşa gyzmakdan, ýanmakdan gorap saklaýar. Şeýle hem bu diodlar ösümlikleriň kadaly ösmegine goldaw berýän 4000 K bolan ak ýagtylygy bölüp çykarýar.
Oturdyljak ösümlikleriň ýagtylygy söýýändigine ýa-da söýmeýändigine baglylykda, ýörite yşyklandyryşyň derejesini saýlap, 6, 8, 12 ýa-da 16 sagatlyk wagtlary gurnap bolýar. Gurluş 2,7 metr kabelli tok adapteri, asma enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Ony uzak aralykdan ýa-da el bilen dolandyrmak mümkin. Bu özboluşly hem-de täsin gurluş diňe bir otagyň bezeg aýratynlygyna görk bermek bilen çäklenmän, eýsem, otagyň içiniň howasyny hem arassalamaga, tämiz saklamaga ýardam edýär.
Şyhmyrat ORAZDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.