«Her gün ertir arassa «H2O» içmek siziň saglygyňyza peýdalydyr. Emma köp mukdarda «NaCl» sarp etmeklik siziň saglygyňyza zyýan ýetirip biler. Juda halaýan bolsaňyz hem «C12H22O11» iýmegiňizi çäklendiriň. Çünki aşa köp iýmegiňiz süýji keseline ýol açyp biler. Şeýle-de her gün elleriňizi ýygy-ýygydan «C17H35COONa» bilen ýuwmagy unutmaň!».
Käte «Ähli zady himiýa dilinde aýtmaly bolsa nädip bolarka?» diýip pikir edýän. Eger şeýle bolan bolsady, dükana baryp gerek zadymyzyň formulasyny ýadymyza düşürip bilmän ýalňyş maddany alyp gaýdardyk. Ýokardaky saglyk maslahatyndan hem görnüşi ýaly himiýa durmuşyň ähli ýerinde biziň öňümizden çykýar. Ulanýan her bir jisimimiz, iýýän-içýän azyk önümlerimiz, geýýän geýimlerimiz, dem alýan howamyz, hatda ynsan bedeniniň özi hem durky bilen himiýadan ybaratdyr. Eger-de ýokardaky maslahaty okap «suw, nahar duzy, şeker we sabyn» barada gürrüň edilýändigini duýan bolsaňyz, bu siziň himiýadan azda-kände baş çykarýandygyňyzy aňladýar. Eýsem, himiýany has gowy we çuňňur bilmegimiz bize nähili artykmaçlygy gazandyrýar?
Kömür gerekmi ýa-da almaz daşy?
Ugruna ençeme pullar sarp edilýän gyzyldan gymmatly, gözüňi gamaşdyryp barýan almaz daşy bilen peçlerde ýakmak üçin ulanylýan kömüriň şol bir elementden durýandygyny bilmegiň özi hem himiýa ylmynyň örän çylşyrymlydygyny äşgär edýär. Birine eýe bolmak üçin adamlar dünýe malyny sarp edýärler. Beýlekisi bolsa hiç kime derkar däl. Ine, şu hem himiýanyň esasy syrlarynyň biri bolup durýar.
Himiýanyň syry nämede?
Himiýa maddalardaky atomlaryň, molekulalaryň, iýonlaryň özüni alyp barşyny, özara gatnaşygyny öwrenýär. Almaz daşyndaky «C» (kömür) elementiniň kristal gurluşy ony iň gymmatly minerala öwürýär. Şunuň özi hem himiklere biziň durmuşymyzy ajaýyplaşdyrjak dürli önümleriň formulasyny döretmäge ýardam edýär. Sözleri ulanyp ajaýyp şygyrlaryň, ruhuňa siňýän aýdymlaryň döreýşini göz öňüne getirsek, atomlary we molekulalary ulanyp hem şeýle ajaýyplyklary döretmegiň kyn bolmajakdygyny himiýa bilen göz ýetirýärsiň.
Agaçlaryň ýapraklary näme üçin saralýar?
«Elbetde, güýz gelendigi üçin!» diýip jogap berjekleriňiz kändir. Emma munuň aňyrsynda hem himiýa bar. Çünki ýapraklar günüň gysgalmagy we ýagtylygyň azalmagy bilen iýmit öndürmeklerini bes edýärler. Şeýlelikde, ýapraklara ýaşyl reňki berýän «hlorofil» pigmenti dargap «karotine» öwrülýär. Ine, şol hem olary sary, gyzyl reňke öwürýär. Eýsem, ýönekeýje ýaprak saralmasynda himiýanyň şeýle ähmiýetiniň uly wagty tebigatyň ähli hadysalarynda, şeýle-de oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ulanylýan dökünler, minerallar, dürli mör-möjeklere we haşal otlara garşy ulanylýan erginleriň önümçiliginde hem gürrüňsiz himiýa bardyr. Eger-de himiýa ylmy bolmasady, onda gyş-ýaz saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, belki, bolmasa bolmazdy hem.
Ökde himikler haýsy pudaklarda gerek?
Eger-de siz himiýany söýýän, emma öz geljekki zähmet ýoluňyzy nirede dowam etdirjekdigiňiz barada oýlanýan bolsaňyz, onda ökde himikleriň has-da ökdeleşip, özlerini ykrar etdirip biljek pudaklary barada gürrüňimizi dowam etdirýäris. Atyr we kosmetologiýa senagaty, bilşimiz ýaly, dünýäniň iň bir ösen we pully senagatlarynyň biri. Millionlarça dürli ysly atyrlaryň, kosmetiki serişdeleriň önümçiliginde ökde himikleri elmydama gujak açyp garşylaýarlar. Eger-de: «Kosmetologiýa meniň üçin däl» diýýän bolsaňyz, onda sizi derman senagatyna gönükdirýäris. Dünýä ynsanlarynyň saglygy üçin zähmet çekmek, täze dermanlary oýlap tapmak isleseňiz, «farmasewtika» — tüýs siziň üçin. Himiýanyň kömegi bilen indi adamzat durmuşynda köp keselleriň öňüni almak başartdy. Täze öndürilýän däri-dermanlaryň önümçiligine öz goşandyňyzy siz hem goşuň!
Mundan başga-da, toksikologiýa, ekologiýa, biotehnologiýa, zyňyndylary zyýansyzlandyryş, ýangyç önümçiligi, azyk senagaty, dokma senagaty… ýaly ugurlar siziň zähmet ýoluňyzda göz öňünde tutup biljek pudaklaryňyzdyr.
Ogulmengli JURAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy.