Siziň üçin...Slider

Iň köp kitap saklanýan kitaphana

07-10-2024 / 249

Käbir kitaphanalarda özünde ylmy gyzyklanma döredýän kitaplaryň adatdan daşary seýrek nusgalary bar. Adamlaryň durmuşynda sanly özgertmelere garamazdan, kitaphanalara uly isleg we ähmiýet bar. Esasan hem, ol isleg kitaphanalardaky kitaplaryň göwrümine we mukdaryna baglylykda döreýär.

Dünýäde iň köp sanly kitap saklanýan kitaphana Britan kitaphanasydyr (The British Library). Ol Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda ýerleşýär. Bu kitaphanada 170 million neşirleriň yzygiderliligi ýerleşýär. Her ýylda Britan kitaphanasy 2 milliondan hem gowrak okyjyny kabul edýär. Bu ýerde başga hiç bir edarada tapylmaýan ajaýyp zatlar, şeýle-de kitaplaryň we golýazmalaryň 168 milliondan gowragy saklanýar.

1753-nji ýyl­da Bri­tan mu­ze­ýi­niň şa­ham­ça­sy hök­mün­de gur­lan bu des­ga 1792-nji ýyl­da ýö­ri­te çy­ka­ry­lan ka­nun esa­syn­da ki­tap­ha­na öw­rül­ýär. Häzirki wagtda bu kitaphanada golýaz­ma­lar, kar­ta­lar, ga­zet-žur­nal­la­ryň nus­ga­la­ry, çy­zgy­lar, saz notalary, ses ýazgyla­ry, ir­ki ýyl­lar­da ber­len pa­tent­ler hem-de 8 mil­li­on sa­ny hat markasy bar.

Bu paýhas ojagy bir wagtyň özünde 1200 okyjyny kabul edip bilýär. Kitaphana 1997-nji ýyla çenli Britan muzeýiniň bir bölegi bolup, şondan soňra bolsa täze bina göçürilýär. Ýeri gelende bellesek, bu kitaphanada Leonardo da Winçiniň ýazgylary, hatda 1506-njy ýylda çekilen täze dünýäniň ilkinji kartasy bolan «Kontarini» kartasy hem saklanylýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçisi tarapyndan «British Library» kitaphanasynyň fondyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby hem-de «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitap sowgat berildi.

Mamagül ÝAGMUROWA,
Çärjew etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu