LifehackSlider

Öýe berlen ýumuş — bilim ugrundaky göreş

05-10-2024 / 427

Çaga öýüne diňe bir bilim däl, eýsem, mekdepde öwrenen zatlaryny berkitmek üçin bir topar öý işlerini getirýär. Olary çözmek üçin mekdepde geçilen sapaklardan soň onuň hiç hili güýji galmaýar. Ol matematikadan mysallary işläninden ýa-da taryhy seneleri ýatda saklanyndan, howluda futbol oýnany ýa-da tigirde gezelenç edenini gowy görer. Ýöne ene-ata çagasyna öýe berlen ýumuşlaryny çözmäge höweslendirip bilmese, onda bilim ugrundaky göreş iki tarap üçin hem döz gelip bolmajak jebire öwrülýär. Öýe berlen ýumuşlary kynlyk bilen çözmäge çalyşýan çagany höweslendirmegiň 10 usulyny size ýetirmegi makul bildik:

1-nji usul:  Hyjuwa esas. Eger-de çaga: “Men seniň öý işleri edesiň gelmeýänini bilýärin, ýöne kyn hem bolsa ony etmeli bolarsyň” ýaly sözleri aýtsaňyz, onuň höwesini bada-bat gaçyrarsyňyz. Ony höweslendirjek bolsaňyz welin, tersine, onuň bilen gürleşýän wagtyňyz öý işiniň üç sany esasy maksadyna esaslanyň. Mysal üçin: “Mekdepde geçen zatlaryňy berkit. Sen ýene-de köp täze we gyzykly maglumatlary öwrenersiň” diýiň. Bu ýeňildir we peýdalydyr.

2-nji usul: Gowy görelde. Çagalaryň ululara meňzejek bolmagy hemmelere mälim bolsa gerek. Eger-de çaga öý işlerini etjek wagty, öz işiňe gümra bolsaň, onda çagany öý işine höweslendirersiň (mysal üçin:  işde zerur okamaly ýa-da ýazmaly işleriňize güýmenseňiz, içerini syrsaňyz, gaplary ýuwsaňyz).

3-nji usul: Öý işi üçin amatly ýeri saýlamak. Amatlylyk-oturjak ýerini dogry saýlamakda we gerekli okuw esbaplarynyň barlygyndadyr. Mysal üçin, ýazuw işleri üçin iň amatly ýer, ýörite parta ýa-da ýazuw stolydyr. Çagalar kitap okamakçy bolanlarynda, ýazuw stolundan başga-da özlerine has rahat ýeri saýlap bilerler: kürsi, diwan, halyň üsti ýaly ýerler.

4-nji usul: Okuw atmosferasyny dörediň. Çaga öý işlerini edip otyrka, aýdym diňläp, telewizory açyp, telefonda gürleşip, onuň ünsüni asla bölmäň! Çagalaryň we ulularyň bir bölegi, aýdym sazyň öý işlerini etmäge kömek edýändigini aýdýarlar. Mümkin, kä halatlarda okuwçylaryň kä birine aýdym-sazyň kömek edýän bolmagy hem ahmal, ýöne welin aýdym-sazyň sesi köp ýerde diňe ýönekeý meseleleri çözmäge kömek edýär.

5-nji usul: Çagada özbaşdaklylygy terbiýeläň. Mugallymyň roluny oýnamaň, ony mekdepde hakyky mugallym ýerine ýetirer. Siziň etmeli işiňiz bolsa, onuň özüniň öý işlerini etmekligine kömek etmek. Mümkin boldugyça çagada özbaşdaklylygy terbiýeläň. Her gün öýe berlen işleri barada gyzyklanyň, soraglar beriň we ony dogry ýola ugrukdyryň. Ýetmeli netijelere ýetende, çaga öwgi sözlerini eşitmelidir. Öwgi sözleri ony täze üstünliklere höweslendirer.

6-njy usul: Çaga öz wagtyny planlaşdyrmany öwrediň. Öý işleriniň maksady, geçen sapaklar onuň diňe bir ýadynda galar ýaly däl, eýsem, öz wagtyny planlaşdyryp, ony tygşytly ullanmagy öwretmeli. Çaga bilen bir günlük, bir hepdelik gün tertibini düzüň. Onda öý işleriniň ýeňilini, çylşyrymlysyny ýerine ýetirmek üçin, şeýle-de öý işlerinden boş wagtyny ýerlikli ulanmak üçin wagty böleklere bölüň. Öý işleriniň ýeňilini we çylşyrymlylaryny gezekleşdirmek has peýdalydyr.

7-nji usul: Çaga bilen özüňize maksat kesgitläň. Eger-de öý işleriniň gün tertibi çaganyň öý işlerini etmegine ýeterli itergi bermedik ýagdaýynda, onda çaga bilen maksatnama düzmäge synanyşyň. Maksatnama  çaganyň ýetişikliliginiň ösmegine kömek eder we özbaşdaklyga endik etdirer.

8-nji usul: Öý işleriniň barlagyny oýuna öwüriň. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň öý işleriniň barlagyny tomaşa öwüriň,  goý olaryň halaýan oýnawaç aýyjygy olaryň öý işlerini barlasyn we ýalňyşlaryny tapsyn. Uly ýaşly mekdep okuwçylaryň ýalňyşlaryny belläň-de, ony özlerine tapmagy teklip ediň!

9-njy usul: Çaga öwgüli sözleri aýdyň. Çagaňyzyň öý işlerini barlanyňyzda, ilki bilen onuň ýalňyşlyklaryny görkezmäň. Goşgyny labyzly okanyny, ýurtlaryň paýtagtlaryny ýatda saklanyny ýa-da  diktanty gowy ýazanyny aýdyň, diňe şondan soň oňa ýalňyşlaryny görkeziň. Öý işlerini gowy edeni üçin bolsa öwgüli sözleri, bile oýnamak, seýilgähe gitmek ýaly söz bermeleri bilen gezekleşdiriň. Ýöne öwgüni hetden aşyrmaň, sebäbi çaga diňe bir zähmetine baha berilýänini bilmeli däl, eýsem, öz zähmedi bilen ilkinji nobatda öz gelejeginiň aladasyny edýänini bilmelidir.

10-njy usul: Oňa şahsy jogapkärçilik barada gürrüň beriň. Goý, çaga öý işleriniň-öz ýerine ýetirmeli işidigini bilsin. Çaganyň öý işlerine kömek etjek bolýan gaharjaň ene-atalar, köplenç özlerini gözegçi ýaly alyp barýarlar. Öý işini ýalňyş etse, ýa-da öý işini edesi gelmese, gaýga batýarlar, dowula düşýärler. Hat-da öý işlerini özleri edýärler. Bu uly ýalňyşlykdyr. Goý, ol öý işlerini etmek bilen sizi tukat edip bolmajagyny  bilsin. Eger-de synpda öý işlerini ýerine ýetirmedik onuň bir özi bolsa, onda onuň özi tukat bolar. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylary uly ýaşlylardan tapawutlylykda, bular ýaly ýagdaýa has üşükli bolýandyr. Ýöne çagany kiçiliginden dogry ugrukdyrsaň, uly synplarda öý işleri babatda kyn meseleler ýüze çykmaz!

Aýsere MÄTNIÝAZOWA,
Çärjew etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu