Göwün küýsegiSlider

Sen owadan däldiň…

Poeziýa minutlary

03-10-2024 / 1065

***

Agşam üýşmek bulutlary kowalap,
Ýel olary dag etegne seripdir.
Çakym çak bolýar-da, onda bu säher
Tomus gyşa bergisini beripdir.

Öňkülem deý birden köz basan ýaly,
Ot alamok geçelgeden geçemde.
Köýnekçe gaýdanmy bilse-de, geň zat,
Yzly-yzyna jaň gelenok ejemden.

Seçilen patrak deý okuwçyjyklar,
Näçe haýdasam-da, ozup bilemok.
Awtobusda hapalanan köwşümem
Häzir-ä keýpimi bozup bilenok.

Ýanwardan geň görüp hiňlenip barşym,
Gulaklygym galmagalyn goýupdyr.
Dünýäň iň doňýürek gyzy-da agşam:
«Salam, ýagdaýlaryň niçik?» diýipdir.

***

Sen owadan däldiň…

Sen owadan däldiň, saňa meňzese
Owadan gyzlaryň armany ýokdy.
Mähir ummanyňa gark bolan bende
Halas bolmak islänokdy, heläkdi.

Haýa diýlen zada ýugrulan demiň
Bir ömürlik, heý, birine dözjekmi.
Aklyňa daýanyp aýdan bir sözüň
Ömür guluň edip taşlap biljekdi.

«Men» diýen gözeller dünýäňe düşüp,
Gije-gündiz sen tarapa akýardy.
Sen owadan däldiň, ýöne salgysyn
Bir gözellik bolsa sende tapýardy.

Sen owadan däldiň, kim üçin bolsa
Heniz aýak basylmadyk adadyň.
Gözelligňi müňläp aýdyma goşup
Aýtsalaram ynanardan sadadyň.

***

Naharhanada

Ýene ýaga düşen omaçaň ysy
Alys ýerden huzuryňa äkeldi.
Hemişelik müşderiňi kabul et,
Men-ä dertliň, senem gudrat ikelli.

Asyl, duzuň piri barmy, biş-düşi
Sähetli gününe düşürýäňmi ýa?
Buga seçelenip duran palawy
Ýüregiň howruna bişirýäňmi ýa?

Burç gaýnatsaňam bal boljak ýaly,
Bir çöksem, kynlaşýar ýerimden turmam.
Unaşyň sagaltsa däli-dertlini,
Hiňlendirjek gowurdakly batyrmaň.

Günde şeýle ýagdaý, seniň gaşyňda
Gögerýärin aýylmakam essimden.
Ýa bilýäňmi ýürege barýan ýoluň
Geçýänini aşgazanyň üstünden?

Amangeldi ÝEGENOW.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu