«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
“Hatyra” kitabynyň bäşinji jildinde Mary welaýatyndan bolan esgerler hatyralanýar. Girişde buýsanç, ar-namys, Watanyň azatlygy ugrundaky gahrymançylykly söweşler barada gürrüň berilýär. Maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Mary welaýatyndan 21 müň 300-e golaý adam wepat boldy we dereksiz ýitdi. Kitapda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojagyna gaýdyp gelmedik merdana esgerleriň sanawy elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir. Neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, uruş ýyllarynda metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, Mary welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň suratlary hem bar.
“Hatyra” kitabynyň jemleýji jildi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi. Ol giň okyjylar köpçüligine niýetlenýär.
«TürkmenGazet».